Ysraýyllaryň hemmesi öz nesil daragtyna görä hasaba alnyp, olar Ysraýyl patyşalarynyň kitabyna ýazyldy. Ýahudalar Rebbe biwepalyk edendikleri üçin Babyla sürgün edildi.
Çünki käse Rebbiň elinde, ol güýçli garylyp, köpükleýän şerapdan doly. Reb gazaby we şeraby käseden guýar: ýer ýüzüniň ähli erbetleri, ony löderesine çenli içerler.
«Indi pitneçi halka: „Siz bularyň nämedigini bilmeýärsiňizmi?!“ diý. Olara şeýle diý: „Ine, Babyl patyşasy Iýerusalime gelip, onuň patyşasyny we han-beglerini Babyla äkitdi.
Ol patyşanyň tohum-tijinden bolan bir adamy alyp, onuň bilen äht baglaşdy; oňa ant içirdi. Ol muny ýurt kiçigöwünli bolsun, gedemlik etmesin, ähtimi saklar ýaly, ýerinde dursun diýip etdi. Ol ýurduň baştutanlaryny ýesir edip alyp gitdi.
Onsoň Ol maňa: «Eý, ynsan ogly! Ysraýyl ýaşulularynyň her biriniň garaňkyda butlardan doly otaglarynda näme edýänini gördüňmi? Olar Reb bizi görmeýär, Reb ýurdy terk etdi diýýärler» diýdi.