Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Işaýa 10:3 - Mukaddes Kitap

3 Jeza güni, uzakdan betbagtçylyk gelende, näme ederkäňiz? Kimden kömek sorarkaňyz, nireden jaý taparkaňyz baýlygyňyza?

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Җеза гүни, узакдан бетбагтчылык геленде, нәме эдеркәңиз? Кимден көмек сораркаңыз, ниреден җай тапаркаңыз байлыгыңыза?

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Işaýa 10:3
40 Iomraidhean Croise  

Ýakup Labanyň ogullarynyň: «Ýakup biziň kakamyzyň ähli emlägine eýe boldy. Ol özüniň bütin baýlygyny kakamyzyň hasabyna gazandy» diýen gürrüňini eşitdi. Ýakup Labanyň hem özüne bolan garaýşynyň öňküsi ýaly däldigini gördi.


Şeýdip, olar siriýalylaryň yzyndan Iordan derýasyna çenli gitdiler. Ýol boýy olaryň howlugyp, taşlap giden egin-eşiklerinden we beýleki goş-golamlaryndan doludy. Onsoň çaparlar yzlaryna dolanyp gelip, muny patyşa habar berdiler.


Hudaý aýaga galanda, men näme ederin? Ol hasap soranda, Oňa näme jogap bererin?


Gazap gününde mal-mülk haýyr berýän däldir, dogruçyllyk bolsa ölümden gutarar.


Perýat ediň, Rebbiň güni ýakyndyr! Ol Gudratygüýçli tarapyndan weýrançylyk deý geler.


Şol gün Ýakubyň şöhraty öçer, semiz göwresi horlanar.


Şol gün bu kenar ýakasynda ýaşaýanlar şeýle diýerler: „Ine, Aşur patyşasyndan halas bolmak üçin ýardam isläp, umyt baglanlarymyza, gör, nämeler boldy! Indi biz nähili gaçyp gutularys?“».


Ol hökümdarlar öldi, olar indi ýok, Sen olary jezalandyryp, heläk etdiň, olary hiç kim ýatlamaz asla.


Ine, Reb dünýäniň ähli ilatyna etmişleri üçin jeza bermäge Öz mekanyndan çykyp gelýär; ýer üstüne dökülen gany äşgär eder, öldürilenlerini ýaşyrmaz indi.


Üstünde uzalardan gysga bolar düşek, örtünmäge insiz bolar ýorgan.


Hökmürowan Reb gök gürrüldisi bilen, ýer titremesi, uly şowhun bilen, harasat we tupan bilen, ýalmaýan oduň ýalny bilen geler.


Siz: «Ýok, biz atly gaçarys» diýdiňiz. Şonuň üçin gaçarsyňyz! Siz: «Ýüwrük atlara müneris» diýdiňiz. Şonuň üçin kowguçylar ýüwrük bolar.


özlerine peýdasy bolmadyk halk zerarly utanja galar olar. Ne ýardam berýär bu halk, ne-de peýda berýär, gaýtam olary utanja we gyjalata goýýar».


Müsüriň ýardamy boş hem peýdasyzdyr. Munuň üçin Men ony: «Ümsüm oturýan Rahap» diýip atlandyrdym.


Siondaky günäkärler dowla düşüp, hudaýsyzlar lerzana geldi: «Haýsymyz ýalmaýan oduň başynda ornaşyp bileris?»


Onsoň Işaýa pygamber Hizkiýa patyşanyň ýanyna gelip, ondan: «Bu adamlar saňa näme diýdiler? Olar seniň ýanyňa nireden geldiler?» diýip sorady. Hizkiýa hem: «Olar uzak ýurt Babyldan geldiler» diýip jogap berdi.


Şonuň üçin doýmagy bilmeýän ölüler dünýäsi agzyny giňden açdy; Iýerusalimiň at-abraýlylary, köplügi, şowhunçylary, şady-horramlary bu dünýä girerler,


Ol uzakdaky milletlere nyşan iberer, olary ýeriň aňry ujundan sykylyk bilen çagyrar, ine, olar dazlap, tizden ýetip gelerler.


Garşyňa elleri ýaragly heläkleýjileri bellärin. Olar saýlama kedrleriňi çapyp, olary oda atarlar.


Eý, sen, weýran bolan şäher! Sen gyrmyzy eşikler geýseň-de, altyn şaý-sepler dakynsaň-da, gözüňe sürme çekseň-de, gazanan zadyň bolmaz. Özüňi biderek ýere bezeýärsiň. Oýnaşlaryň seni ýigrenýärler, olar seniň janyňyň kastyna çykdylar.


pygamberler galp pygamberlik edýärler, ruhanylar olaryň görkezmesi bilen dolandyrýarlar. Meniň halkym bolsa muny söýýär. Emma bu zatlaryň soňy gelende näme edersiňiz?»


Bu zatlar üçin Men olary, heý-de, jezalandyrmarynmy? Beýle milletden öç almarynmy?» Muny Reb aýdýandyr.


Efraýym keselini, Ýahuda ýarasyny görende, Efraýym Aşuryň ýanyna gitdi. Beýik patyşadan ýardam isledi. Ýöne ol size şypa berip bilmez, ýaraňyza em etmez.


Baýramçylyk gününde, Rebbe dabara gününde näme edersiňiz?


Olaryň jeza günleri geldi. Olaryň hasap bermeli günleri ýetdi. Ysraýyl muny bilsin. Etmişleriniň agyr bolany üçin, ýigrenjiniň köplüginden, pygamberi „akmak“, Ruhdan dolanlary bolsa „däli“ saýdylar.


Ol gün bir kişiniň arslandan gaçyp, aýa duş gelşi kimindir. Öýüne gelip, elini diwara söýände, ony ýylanyň çakyşy kimindir.


Iň gowusy tiken kimindir, iň dogruçyly tikenli germewden beterdir. Gözegçileriniň duýduryşy deý, olaryň jeza güni gelip ýetdi. Indi howsala düşýär olar.


Rebbiň gazaply gününde, altyn-kümüşleri halas edip bilmez olary. Rebbiň gabanjaňlyk odunda bütin dünýä ýanyp kül bolar, çünki Reb ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň baryny gyryp ýok eder.


Olar seni weýran edip, seniň içiňdäki çagalary gyryp taşlarlar. Sende daş üstünde daş goýmazlar, sebäbi sen Hudaýyň saňa gelen pursadyny saýgarmadyň».


Reb uzak ýerden, ýeriň aňrujundan size olaryň diline düşünmeýän bir halkyňyzy getirer. Bu halk sizi bürgüt kimin ýuwudar.


Imansyzlaryň arasynda hiç hili müýnsüz ýaşaň. Şonda olar sizi nädogry iş etmekde aýyplasalar-da, dogry işleriňizi görüp, Hudaýyň geljek güni Ony şöhratlandyrarlar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan