Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Işaýa 1:3 - Mukaddes Kitap

3 Öküz öz eýesini tanaýar, eşek-de eýesiniň ahyryny, emma Ysraýyl Meni tanamaýar, halkym Maňa düşünmeýär».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Өкүз өз эесини танаяр, эшек-де эесиниң ахырыны, эмма Ысрайыл Мени танамаяр, халкым Маңа дүшүнмейәр».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Işaýa 1:3
24 Iomraidhean Croise  

«Meribada, ol gün Masa çölündäki deý, siz gatatmaň ýüregiňizi.


Ýaman adamlar adalata düşünýän däldir, Rebbi agtarýanlar bolsa oňa doly düşünýändir.


Eý, ýalta, garynjanyň ýanyna bar; olaryň işleýşine seret-de, akyl al!


Pudaklary gurap döwler, aýallar gelip, olary ýakarlar. Bu halk düşünmeýän halkdyr; şonuň üçin Ýaradany olara rehim etmez, Döredijisi olara merhemet görkezmez».


Ol köp zatlary görýär, emma üns bermeýär, gulaklary açyk, ýöne eşitmeýär.


Olar hiç zat bilmeýärler, düşünmeýärler, çünki görmesinler diýip gözleri, düşünmesinler diýip ýürekleri baglandy.


Meýlislerinde liradyr arfa, deprekdir tüýdük çalnyp, şerap içilýär, ýöne Rebbiň işlerine üns bermeýärler, Onuň eliniň işlerini görmeýärler.


Munuň üçin halkym nadanlykdan ýesir edilip äkidiler, at-abraýly adamlary açlykdan öler, köpleri bolsa teşnelikden gyrlar.


Doýanyny bilmeýän açgöz itlerdir olar. Olar düşünjesiz çopanlardyr; hersi öz ýoly bilen gidýär, her kes öz bähbidini araýar.


Her bir adam akmak hem nadandyr, her zergär ýasan butlaryndan uýada galar, olar ýasalandyr, olarda jan ýokdur.


Olaryň bary akmak hem akylsyzdyr. Biderek butlardan tälim alýarlar, olar guran agaçdan ýasalandyr!


Rekabyň ogly Ýonadabyň nesilleri öz ata-babalarynyň beren tabşyrygyny berjaý etdiler, emma bu halk Meni diňlemedi“.


«Meniň halkym akmak, olar Meni tanamaýarlar. Olar kemakyl çagalar, olarda düşünje ýok. Olar ýamanlyk etmegi başarýarlar-da, ýagşylyk etmegiň nämedigini bilenok».


Meniň halkym ýiten goýundyr, olary çopanlary azaşdyrdylar, daglarda entetdiler, olar dagdan daga çykyp, öz agyllaryny unutdylar.


Hatda leglek hem öz möwsümini bilýär. Gumry, garlawaç, durna-da göçmeli pursadyny bilýär. Emma halkym Men-Rebbiň parzlaryny bilmeýär.


Bu işleriň ählisini, utançsyz lolynyň işlerini edeniňde, ýüregiň nähili mejalsyz boldy. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Bütin Ysraýyl Seniň kanunyňy bozup azdy we Seniň sözüňe gulak asmakdan boýun gaçyrdy. Şeýdip, Hudaýyň guly Musanyň kanunynda ýazylan nälet başymyzdan indi we kasam ýerine ýetdi. Sebäbi biz Saňa garşy günä etdik.


Ýöne ol bilmedi, gallany, täze şeraby, täzeje ýagy beren, Bagal butuna harçlan altynyny, kümşüni bol eden Men.


kim Hudaýyň Şalygy hakyndaky sözi eşidip, oňa düşünmese, şeýtan gelip, onuň ýüreginde ekileni sogrup alýar. Ýoluň gyrasynda ekilen budur.


Bu adamlar Hudaýy tanamalydyr öýtmediler. Şoňa görä-de, Hudaý olary azgyn höweslerine tabşyryp, edilmesiz zatlary etmeklerine ýol berdi.


Emma olar gögüň ezelden Hudaýyň sözi arkaly ýaradylandygyny, ýer bolsa suwdan bölünip, suw bilen gurşalandygyny bilgeşleýin ýatdan çykaran bolýarlar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan