Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Işaýa 1:2 - Mukaddes Kitap

2 Eý, gök, eşit, eý, ýer, gulak goý! Reb şeýle diýýär: «Men çagalary ekledim, ulaltdym, emma olar garşyma baş göterdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Эй, гөк, эшит, эй, ер, гулак гой! Реб шейле диййәр: «Мен чагалары экледим, улалтдым, эмма олар гаршыма баш гөтердилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Işaýa 1:2
37 Iomraidhean Croise  

Amon atalarynyň Hudaýy Rebbi terk edip, Onuň yzyna eýermedi.


Asafyň mezmury. Nagma. Hudaý, Beýik Hudaý gürleýär, gündogardan günbatara çenli ýer ýüzüni çagyrýar.


Sen meni bütinleý ýuw ýazygymdan hem-de tämizle meni günämden.


«Pitneçi halkyň dat gününe! Olar Meniňkini däl-de, öz niýetlerini berjaý edýärler; Menden soraşman ylalaşyk baglaşyp, günä üstüne günä goşýarlar. Muny Reb aýdýandyr.


Bu pitneçi halk, hilegär ogullar, Rebbiň öwüdine gulak goýmaýan ogullardyr.


Eý, ysraýyl halky, garşysyna uly pitne turzan Rebbe tarap öwrüliň!


Eý, milletler, golaýrak geliň-de, eşidiň! Eý, halklar, diňläň! Ýer ýüzi we ondaky her kes, dünýädäkiler, onda döränleriň bary eşitsin!


Atamyz Sensiň, Ybraýym bizi bilmese-de, Ysraýyl bizi tanamasa-da, ýa Reb, biziň Atamyzsyň Sen, owaldan bäri adyň «Penakärimizdir».


Men öz isleglerine eýerip, ýaman ýoldan ýöreýän pitneçi halka, günuzyn ellerimi uzadyp otyryn.


Eşidiň, gulak goýuň, tekepbirlik etmäň, çünki Reb gepleýär.


Eý, ýurt, ýurt, ýurt! Rebbiň sözüni eşit!


«Dolanyň, eý, biwepa perzentler, Men biwepalygyňyza şypa bererin». Halk diýer: «Ine, biz Seniň ýanyňa gelýäris, çünki Hudaýymyz Reb Sensiň!»


Olar aglaý-aglaý gelerler, yzlaryna getirenimde doga okarlar. Olary akar suwlaryň boýy bilen, taýmazlar ýaly tekiz ýoldan ýörederin. Çünki Men Ysraýylyň Atasydyryn, Efraýym-da Meniň nowbaharymdyr.


Diňle, eý, ýer ýüzi. Bu halkyň başyndan betbagtlyk indererin. Bu olaryň eden niýetleriniň miwesi bolar, sebäbi Meniň sözlerime gulak asmadylar, taglymatymy bolsa ret etdiler.


Pitneçi halka bir tymsal aýdyp, Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Gazan atar, gazan atar-da, içine suw guý.


Şonuň üçin hem, eý, Ysraýyl daglary, Hökmürowan Rebbiň sözüni eşidiň. Hökmürowan Reb daglara we depelere, jülgelere we derelere, daş-töwerekdäki başga milletlere talaň we gülki bolan harabalyklara, terk edilen galalara şeýle diýýändir:


Eý, ysraýyl halky, Rebbiň size, Müsürden çykaran kowumyňyza garşy aýdan bu sözüne gulak goýuň:


Ýahuda patyşalary Ýotamyň, Ahazyň we Hizkiýanyň döwründe moreşetli Mika pygambere Samariýa we Iýerusalim barada Rebbiň sözi aýan boldy.


Ähliňiz eşidiň, eý, halklar! Gulak goýuň, eý, zemin we onuň ýaşaýjylary! Hökmürowan Reb mukaddes mesgeninden size garşy güwälik eder.


Men bolsa Ýakuba ýazygyny, Ysraýyla günäsini jar etmäge, Rebbiň Ruhy bilen güýçden, adalatdan, gudratdan doludyryn.


Eý, Meniň adymy kemsidýän ruhanylar, Hökmürowan Reb size şeýle diýýär: «Ogul atasyny, gul hojaýynyny sylaýar. Eger Men ata bolsam, hany Maňa sylag-hormatyňyz? Eger Men hojaýyn bolsam, hany siziň Menden gorkyňyz? Gaýtam siz: „Biz nädip Seniň adyňy kemsitdik?“ diýýärsiňiz.


Biz-ä görüp-eşidenlerimizi aýtman durup bilmeris» diýip jogap berdiler.


Çölde ýol boýy ýöriş edip, şu ýere gelip ýetýänçäňiz, edil enäniň öz çagasyny elinde göterip gelşi ýaly, Hudaýyňyz Rebbiň sizi nähili gorap getirendigini özüňiz gördüňiz.


Bu gün siziň öňüňizde ýaşaýyş we ölüm, alkyş we nälet goýandygyma size garşy şaýat bolmaga asmany we ýeri çagyrýaryn. Ýaşaýşy saýlaň, şonda siziň özüňiz hem ýaşarsyňyz, nesilleriňiz-de ýaşar.


«Eý, asman, gulak goý, Men sözläýin. Eý, zemin, aýdýanlarymy eşit.


Şeýle edäýseňiz, bu gün ýer we gök size garşy şaýatdyr. Iordandan geçip eýelän ýurduňyzda basym tutuşlaýyn heläk bolarsyňyz, siz ol ýerde uzak ýaşaman, gaýtam, bütinleý ýok edilersiňiz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan