Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Işaýa 1:1 - Mukaddes Kitap

1 Ýahuda patyşalary Uzyýanyň, Ýotamyň, Ahazyň we Hizkiýanyň döwründe Amozyň ogly Işaýanyň Ýahuda we Iýerusalim babatda gören görnüşleri.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Яхуда патышалары Узыяның, Ётамың, Ахазың ве Хизкияның дөврүнде Амозың оглы Ишаяның Яхуда ве Иерусалим бабатда гөрен гөрнүшлери.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Işaýa 1:1
38 Iomraidhean Croise  

Ysraýyl patyşasy Ýarobgamyň şalygynyň ýigrimi ýedinji ýylynda Amazýanyň ogly Ýahuda patyşasy Uzyýa patyşalyk edip başlady.


Ýahuda patyşasy Uzyýanyň şalygynyň otuz dokuzynjy ýylynda Ýabeşiň ogly Şallum patyşa bolup, Samariýada bir aý patyşalyk etdi.


Remalýanyň ogly Ysraýyl patyşasy Pekanyň şalygynyň ikinji ýylynda Uzyýanyň ogly Ýahuda patyşasy Ýotam patyşalyk edip başlady.


Uzyýa ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Ýotam patyşa boldy.


Ysraýyl patyşasy Elanyň ogly Hoşeýanyň patyşalygynyň üçünji ýylynda Ýahuda patyşasy Ahazyň ogly Hizkiýa Ýahuda patyşa boldy.


Patyşa köşgi dolandyryjy Elýakymy, Şebna mürzäni we ýaşuly ruhanylary Amozyň ogly Işaýa pygamberiň ýanyna iberdi. Hemmesi jul geýdiler.


Bütin ýahuda halky on alty ýaşly Uzyýany alyp, ony kakasy Amazýanyň deregine patyşa etdi.


Uzyýanyň başdan-aýak eden işleriniň bary barada Amozyň ogly Işaýa pygamber ýazdy.


Ýotam patyşa bolanda ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on alty ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Ýeruşa Sadogyň gyzydy.


Ahaz patyşa bolanda ýigrimi ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on alty ýyl patyşalyk etdi. Ahaz atasy Dawut ýaly bolmady, ol öz Hudaýy Rebbiň nazarynda dogry işleri etmedi.


Mukaddes edilen mallaryň sany alty ýüz öküz we üç müň goýundan ybaratdy.


Babyl hakda Amozyň ogly Işaýa aýanlyk arkaly gelen pygamberlik:


Amozyň ogly Işaýanyň Ýahuda we Iýerusalim babatda gören görnüşleri.


Şol wagt Reb Amozyň ogly Işaýa: «Git-de, egniňdäki july, aýagyňdaky çarygyňy çykar» diýdi. Işaýa şeýle edip, diňe içki geýiminde aýakýalaň geziberdi.


Bir gorkunç görnüş aýan boldy, haýyn haýynlyk edýär, talaňçy talaýar. Hüjüm et, eý, Eýlam! Gaba, eý, Madaý! Babyl sebäpli bolan nalyşlaryň soňuna çykaryn.


Patyşa köşgi dolandyryjy Elýakymy, Şebna mürzäni we ýaşuly ruhanylary Amozyň ogly Işaýa pygamberiň ýanyna iberdi. Hemmesi jul geýdiler.


Şol döwürlerde Hizkiýa keselläp, ölüm ýassygynda ýatyrdy. Amozyň ogly Işaýa pygamber onuň ýanyna gelip: «Reb şeýle diýýär: „Öýüňdäkilere wesýet et, çünki sen ölersiň, sen bu keselden gutulmarsyň“» diýdi.


Eý, Sion, hoş habar, beýik daga çyk! Eý, Iýerusalim, hoş habar, sesiňi batly gatalt! Sesiňi batlandyr, gorkma; Ýahuda şäherlerine: «Ine, Hudaýyňyz!» diýiň.


Uzyýa patyşanyň ölen ýyly beýik hem şöhratly tagtyň üstünde oturan Taňryny gördüm. Lybasynyň syýy ybadathanany doldurýardy.


Resin Siriýanyň patyşasydy; Remalýanyň ogly Peka Ysraýylyň patyşasydy. Olar Iýerusalime garşy uruş etmäge çykdylar, ýöne oňa garşy söweş edip bilmediler. Şol döwürde Uzyýanyň agtygy, Ýotamyň ogly Ahaz Ýahudanyň patyşasydy.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Özüňize pygamberlik edýän pygamberleriň sözlerini diňlemäň, olar size biderek zatlar öwredýärler. Olar Rebbiň agzyndan çykan sözleri däl-de, öz ýürekleriniň hyýalyny sözleýärler.


Kebar kanalynyň ýakasynda sürgün edilenleriň arasyndakam, gökler açyldy we men Hudaýdan gelen görnüşleri gördüm. Bu sürgünde bolýan wagtymyzyň otuzynjy ýylynyň dördünji aýynyň bäşine boldy.


Ýahudada Uzyýanyň, Ýotamyň, Ahazyň hem Hizkiýanyň, Ysraýylda Ýehowaş ogly Ýarobgamyň patyşalyk eden döwründe, Beýeriniň ogly Hoşeýa Rebbiň sözi aýan boldy.


Tekowaly çopanlaryň biri bolan Amosyň sözleri. Ysraýyl hakyndaky bu sözler Amosa ýertitremeden iki ýyl öň görnüş arkaly aýan bolupdy. Şol günlerde Ýahudada Uzyýa patyşa, Ysraýylda Ýehowaşyň ogly Ýarobgam patyşa höküm sürýärdi.


Hamyrmaýaly çörekden şükür sadakasyny hödürläň, meýletin sadakalaryňyzy jar edip mälim ediň, şeýle etmekden sen lezzet alýaň-a, eý, ysraýyl halky! Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Ýahuda patyşalary Ýotamyň, Ahazyň we Hizkiýanyň döwründe moreşetli Mika pygambere Samariýa we Iýerusalim barada Rebbiň sözi aýan boldy.


Ninewe şäheri hakyndaky pygamberlik; elkoşly Nahum özüne gelen aýanlygy ýazyp aldy.


Reb maňa şeýle jogap berdi: «Aýanlygy ýaz, habarçy bir nazarda okar ýaly, ony düşnükli hem aýdyň edip ýaz.


Reb olara şeýle diýdi: «Meniň sözlerime gulak salyň: „Eger araňyzda pygamberler bar bolsa, Men-Reb görnüşlerde Özümi aýan edip, Olar bilen düýşde gepleşýärin.


Hudaýyň sözlerini eşidýän, Beýik Hudaýdan bilim alýan, Gudratygüýçlüden görnüş görýän, ýere ýüzin düşüp, gözüm bilen aýdyň görýän.


Hudaýyň sözlerini eşidýän, Gudratygüýçlüden görnüş görýän, ýere ýüzin düşüp, gözüm bilen aýdyň görýän.


Dagdan inip gelýärkäler, Isa olara: «Ynsan Ogly ölümden direlýänçä, gören zatlaryňyzy hiç kime aýtmaň» diýip tabşyrdy.


Petrus bu görnüşiň nämedigine geň galyp durka, ine, Korneliniň ýollan adamlary Simunyň öýüni sorap, gapa geldiler.


Şonuň üçin hem, eý, Agrip şa, men gökden gelen görnüşe boýnuýogynlyk etmedim.


Hiç peýdasy bolmasa-da, magtanmagymy dowam etdirmeli bolýaryn. Indi Rebden gelen görnüşlere we aýanlyklara geçeýin.


Sebäbi hiç bir pygamber ynsan islegi bilen welilik etmedi. Bu pygamberler Mukaddes Ruh tarapyndan ugrukdyrylyp, Hudaýdan gelen sözleri aýtdylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan