Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Hoşeýa 9:3 - Mukaddes Kitap

3 Siz Rebbiň topragynda ýaşamarsyňyz. Efraýym Müsüre dolanjak. Aşurda haram zatlar iýersiňiz.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Сиз Реббиң топрагында яшамарсыңыз. Эфрайым Мүсүре доланҗак. Ашурда харам затлар иерсиңиз.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Hoşeýa 9:3
24 Iomraidhean Croise  

Hoşeýanyň şalygynyň dokuzynjy ýylynda Aşur patyşasy Samariýany basyp alyp, ysraýyllary Aşura ýesir edip äkitdi we olary Halada, Habor derýasynyň ýakasyndaky Gozanda we Madaý galalarynda ýerleşdirdi.


Olar ýigrenji maslyk butlary bilen ýurdumy harama çykardylar, mülkümi nejis zatlaryndan doldurdylar. Şonuň üçin Men olara etmişleridir günäleri üçin iki esse tölederin“».


Miwesidir näz-nygmatyndan iýsin diýip, getirdim Men sizi bereketli ýere. Emma gireniňizde ol ýere, haram etdiňiz siz ülkämi, nejis zada öwürdiňiz mülkümi.


Doýa-garna çörek iýmek üçin Müsüre we Aşura elimizi serdik.


Reb: «Meniň aralaryna kowjak milletlerimiň içinde ysraýyl halky çöreklerini şeýdip, haram edip iýerler» diýdi.


Danyýel özüni haram etmezligi ýüregine düwdi. Şeýdip, ol baş gözegçiden özüniň patyşanyň saçagyndan bölüp berilýän nahardan, şerapdan saklanmagyny haýyş etdi.


Müsürden guş ýaly, Aşurdan gögerçin ýaly titreşip gelerler. Olary öýlerine eltip goýaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Olar Müsüre dolanarlar. Aşur olara patyşalyk eder. Çünki olar tobany terk etdiler.


Efraýym samsyk we akylsyz gögerçin ýaly, ýa müsürlileri çagyrýar, ýa Aşura gidýär.


Olar ýok zada ýüz tutýarlar. Olar ygtybarsyz ýaýa meňzeýärler. Olar zäherli dilinden, emeldarlary gylyçdan ýykylar. Munuň üçin Müsürde olaryň üstünden güljekler».


Maňa gurbanlyklar getirýärler, gurban kesýärler, ýöne eti özleri iýýärler. Reb olardan razy däldir. Indi olaryň günäleri ýatlanar. Etmişlerine görä jeza berler. Olar Müsüre dolanarlar.


Olar weýrançylykdan gutulsalar-da, Müsür olary ýygnap alar. Memfis şäheri olary gabra gömer. Kümüş hazynasyny demirtiken örter. Çadyrlarynda ýandak biter.


Eger sizem ýurdy harama çykarsaňyz, ozalky milletden ýüz dönderişi ýaly, ýurt sizden-de ýüz dönderer.


Mesgen tutmagyňyz üçin alyp barýan ýurdumyň sizden ýüz döndermezi ýaly, siz Meniň parzlarymy we hökümlerimi saklap, olary berjaý ediň.


Ýer hemişelik satylmasyn, çünki ol Meniňkidir. Siz Meniň ýanymda gelmişek we kärendeçi ýalysyňyz.


Şonuň üçin Reb şeýle diýýär: „Aýalyň şäherde loluçylyk eder, ogul-gyzlaryň gylyçdan geçiriler, ölçeg ýüpi bilen ýeriň paýlanylar, özüňem haram ýurtda ölersiň, ysraýyl halky öz ýurdundan ýesir edilip äkidiler“».


Turuň, gidiň, çünki bu ýer dynçlyk ýeri däldir! Murdarlygyňyz zerarly bu ýer zalymlyk bilen weýran ediler.


Petrus: «Ýok, Rebbim! Ýahudy kanunyna görä, men hiç haçan haram zat iýen däldirin» diýdi.


Reb size ýagşylyk edip, siziň sanyňyzy köpeldende, näçe lezzet alan bolsa, sizi gyryp ýok edende hem şonça lezzet alar. Mülk edinmek üçin baran ýeriňizden siz sogrulyp taşlanarsyňyz.


Siziň indi gaýdyp görmejekdigiňize söz beren ýolumdan, Reb sizi gämiler bilen ýene-de yzyňyza Müsüre alyp gider. Ol ýerde siz özüňizi gul we gyrnak edip duşmanlaryňyza satuwa hödürlärsiňiz, emma sizi satyn alan bolmaz».


Şeýle edäýseňiz, bu gün ýer we gök size garşy şaýatdyr. Iordandan geçip eýelän ýurduňyzda basym tutuşlaýyn heläk bolarsyňyz, siz ol ýerde uzak ýaşaman, gaýtam, bütinleý ýok edilersiňiz.


Ýöne Hudaýyňyz Rebbiň her bir ajaýyp wadasynyň hakykata öwrülişi dek, Özüniň beren oňat ýerinden sizi ýok edýänçä, başyňyzdan bela-beterleri-de inderer.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan