Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Hoşeýa 8:1 - Mukaddes Kitap

1 «Surnaýy dodagyňa ýetir. Çünki çaýkel Rebbiň öýüniň üstünden aýlanýar. Olar Meniň ähtimi bozdy, kanunyma garşy çykdylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 «Сурнайы додагыңа етир. Чүнки чайкел Реббиң өйүниң үстүнден айланяр. Олар Мениң әхтими бозды, кануныма гаршы чыкдылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Hoşeýa 8:1
34 Iomraidhean Croise  

Emma baş wezir olara şeýle jogap berdi: «Jenabym meni bu sözleri diňe jenabyňyza we size aýtmak üçin ýolladymy näme? Diwaryň üstünde oturan adamlara aýtmak üçin hem ýollamadymy eýsem? Olar hem siziň ýaly öz nejasatlaryny iýip, öz peşewlerini içerler».


Eý, bütin dünýäniň ilaty, ýer ýüzünde ýaşaýanlar! Daglaryň çür başynda baýdak dikilende serediň! Surnaý çalnanda diňläň!


Ilatlar harama çykardy dünýäni, olar kanunlardan çykdylar, parzlary saklamadylar, ebedi ähti bozdular.


Gaty gygyr, çekinme! Sesiňi surnaý kimin gatalt! Halkyma ýazyklaryny, Ýakubyň nesline günälerini yglan et.


Bu äht Meniň olaryň ata-babalarynyň ellerinden tutup, Müsürden çykaran günüm baglaşan ähtim ýaly däldir. Men olaryň Hojaýyny bolsam-da, olar şol ähtimi bozdular». Muny Reb aýdýandyr.


Äht baglaşylanda göläni ikä bölüp, onuň bölekleriniň arasyndan geçýärler. Men hem ähtimi bozup, huzurymda baglaşylan ähtiň şertlerini berjaý etmedikleri edil şol göle kimin ikä bölerin.


Ine, duşman bulut kimin gelýär, söweş arabalary harasat kimindir. Onuň atlary bürgütden ýyldamdyr. Dat günümize, biz weýran bolduk!


Şuny Ýahudada yglan et, Iýerusalimde jar et: «Ýurtda surnaý çalyň! Batly gygyryp diýiň: „Geliň, üýşüp, berk galalara gireliň!“.


Reb şeýle diýýär: „Serediň! Duşman bürgüt kimin uçup, ganatlaryny Mowaba tarap ýaýýar.


Ine, duşman bürgüt kimin ýokary uçar, ganatlaryny Bosranyň üstüne ýaýar. Şol gün Edom urşujylarynyň ýüregi dogranda sanjy tutýan aýalyň ýüregi kimin bolar».


Ýurtda baýdak dikiň, milletler arasynda surnaý çalyň, milletleri Babyl bilen uruşmaga taýýarlaň. Ararat, Minni we Aşkenaz patyşalyklaryny Babylyň garşysyna çagyryň, onuň garşysyna serkerde belläň, üstüne çekirtge sürüsi kimin atlar ýollaň.


«Eý, benýamin halky, janyňyzy halas etmek üçin Iýerusalimden gaçyň! Tekowada surnaý çalyň, Beýthakeremde bir nyşan dikiň, çünki demirgazykdan bir betbagtlyk, äpet weýrançylyk ýetip gelýär.


Munuň üçin sen olaryň garşysyna pygamberlik et. Hawa, pygamberlik et, eý, ynsan ogly!» diýdi.


Hawa, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Sen eden ähtiňi bozup, içen antyňy harladyň. Men-de seni edil öz edişiň ýaly ederin.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Uly ganatly, uzyn ýelekli, dürli reňkli mymyk tüýlerden doly, äpet bürgüt Liwana gonup, kedr agajynyň depesini eýeledi.


Surnaý çalyndy, ähli zat taýýar; ýöne hiç kim söweşe gitmeýär, çünki gazabym ähli jemagatyň üstündedir.


Meniň halkym bilimsizlikden weýran edilýär. Sen bilimi ret edeniňden soň, Men seni Maňa ruhany bolmakdan ret edýärin. Sen Hudaýyň kanunyny unudanyňdan soň, Men-de seniň çagalaryňy unudaryn.


Gibgada şah çal, Ramada surnaý. Beýtawende söweş tebilini uruň. „Biz siziň arkaňyzda, Benýamin“ diýip, Beýtawende jar çekiň.


Olar Adam ata ýaly, ähti bozdular, ol ýerde maňa biwepalyk etdiler.


Reb diýýär: «Olaryň Gilgaldaky ýaramaz işleri üçin, şol ýerde olary ýigrendim. Men olary öýümden kowaryn. Indi Men olary halamaryn. Bar hökümdary Maňa garşy baş göterdiler.


Sionda surnaý çalyň, Meniň mukaddes dagymda howpuň abanýandygyny duýduryň. Goý, ýurduň tutuş ilaty gorkudan sandyrasyn, çünki Rebbiň güni ýetip gelýär – garaňkylyk hem-de zulmat güni ol. Bulutly hem tüm garaňky gündür ol. Köp sanly hem güýçli bir leşger, daglara ýaýraýar daň şapagy deý. Owaldan bäri onuň deňi-taýy bolmandy, soňky nesillerden hem ol deýin bolmaz.


Sionda çalyň surnaýy, jar ediň mukaddes ýygnanyşygy, Agyz beklemäge belläň siz wagty,


Şäherde surnaý çalnar-da, halkda gorky bolmazmy? Rebbiň Özi indermese, şähere bela gelermi?


Şol gün köşk aýdymlary ahy-nala öwrüler. Ähli ýer taşlanan jesetlerden dolar. Ümsüm boluň!» Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Men gurbanlyk sypasynyň ýanynda Rebbiň duranyny gördüm. Reb şeýle buýruk berdi: «Ybadathana söýeleri sarsýança, sütünleriň başyna ur, olary ähli ynsanyň depesinden inder. Diri galanlaryny gylyçdan geçirerin, hiç biri gaçyp-da, gutulyp-da bilmez.


Atlary barsdan ýüwrük, özlerem gijeki aç gurtdan guduz. Atlylary uzakdan ýer gazap gelýär, aw üstüne topulýan bürgüt dek okdurylýarlar.


Galalara we beýik diňlere hüjüm edilip, uruş surnaýy çalnyp, duýduryş beriljek gündür ol.


Eý, Liwan, derwezeleriňi aç, goý, ot kedr agaçlaryňy ýakyp ýok etsin!


Şonda Reb Öz halkynyň üstünde peýda bolar, ýyldyrym deý uçar Onuň peýkamy. Hökmürowan Reb surnaý çalar-da, günortadan harasat turzup, ýola düşer.


Garaguşlaryň üýşmegi maslygyň bardygynyň bir alamatydyr. Ynsan Ogly hem bir alamat bilen geler.


Bu iň soňky surnaý çalnanda göz-açyp ýumasy salymda, bir pursatda amala aşar. Surnaý çalnar, merhumlar çüýremezek halda direldiler, biz hem özgerdileris.


Reb uzak ýerden, ýeriň aňrujundan size olaryň diline düşünmeýän bir halkyňyzy getirer. Bu halk sizi bürgüt kimin ýuwudar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan