Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Hoşeýa 7:5 - Mukaddes Kitap

5 Patyşanyň meýlis gününde emeldarlar şerabyň gyzgynyna huşuny ýitirýärler. Patyşa ýaman iş edýänler bilen el-ele berýär.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Патышаның мейлис гүнүнде эмелдарлар шерабың гызгынына хушуны йитирйәрлер. Патыша яман иш эдйәнлер билен эл-эле берйәр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Hoşeýa 7:5
20 Iomraidhean Croise  

Üç günden soň faraon öz doglan güni mynasybetli emeldarlary üçin meýlis gurady we baş saky bilen baş nan bişirijini-de zyndandan çykardyp, öz emeldarlarynyň öňünde duruzdy.


Onuň Beýteldäki gurbanlyk sypasyna gygyryp aýdan sözüni Ýarobgam eşitdi we gurbanlyk sypasynyň ýanyndan elini uzadyp: «Ony tutuň!» diýdi. Ýarobgamyň Hudaýyň adamyna garşy uzadan eli şol bada ysmaz bolup, ol elini yzyna çekip bilmedi.


Rebbiň kanunyndan lezzet alýan, gije-gündiz şol barada oýlanýan bagtlydyr! Ol erbetleriň maslahatyna gitmeýär, günäkärleriň ýolundan ýöremeýär, ýaňsylaýjylaryň arasynda oturmaýar.


Akyldarlar bilen ýöreýän akylly bolar, akmak bilen gatnaşýan zyýana galar.


Şerap biabraý edýändir, çakyr dawa-jenjel turuzýandyr. Oňa aldanýanyň ählisi akylsyzdyr.


Efraýym serhoşlarynyň buýsanýan täjiniň dat gününe! Onuň şöhratly gözelligi solup barýan güller kimindir, hasylly deräniň başyndaky şäheriň dat gününe! Şerapdan doýanlar oňa guwanýarlar.


Munuň üçin eý, masgaralaýjylar, Iýerusalimdäki bu halka hökümdarlyk edýän siz, Rebbiň sözüni eşidiň!


Gaýtam, özüňi gögüň Taňrysyna garşy goýup, tekepbirlik etdiň. Onuň ybadathanasynyň gap-gaçlaryny seniň huzuryňa getirdiler. Seniň özüň, töreleriň, aýallaryň we gyrnaklaryň olara şerap guýup içdiňiz. Görmeýän, eşitmeýän we bilmeýän, kümüşden, altyndan, bürünçden, demirden, agaçdan, daşdan ýasalan hudaýlary alkyşladyňyz. Emma janyňyzy Öz elinde saklaýan we ähli ýollaryňyza göz-gulak bolýan Hudaýy şöhratlandyrmadyňyz.


Olar pisligi bilen patyşasyny, ýalançylygy bilen emeldarlaryny şatlandyrýarlar.


Hirodyň doglan güni Hirodiýanyň gyzy ortada tans edip, Hirodyň göwnüni çaglady.


Bir güni amatly pursat gabat geldi. Hirod öz doglan güni mynasybetli köşk emeldarlaryny, müňbaşylary we Jeliläniň tanymal adamlaryny çagyryp, toý tutdy.


Şerapdan serhoş bolmaň, bu sizi wejeralyga elter. Tersine, Mukaddes Ruhdan dolup-daşyň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan