Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Hoşeýa 5:3 - Mukaddes Kitap

3 Men Efraýymy tanaýaryn, Ysraýylam Menden gizlin däldir. Çünki sen zyna etdiň, eý, Efraýym. Ysraýyl hem haramdyr.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Мен Эфрайымы танаярын, Ысрайылам Менден гизлин дәлдир. Чүнки сен зына этдиң, эй, Эфрайым. Ысрайыл хем харамдыр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Hoşeýa 5:3
24 Iomraidhean Croise  

Ýöne oglanyň ýagşyny ýamandan saýgarmagy öwrenmezinden öň, seni gorka salan iki patyşanyň ýurdy terk ediler.


Reb seniň, halkyňyň we ata-babalaryň nesilleriniň başlaryna Efraýymyň Ýahudadan bölünip aýrylan gününden bäri görülmedik günleri getirer; Aşur patyşasyny getirer».


Siriýalylar we efraýymlylar öz patyşasy Remalýanyň ogly bilen saňa garşy dildüwşük gurady.


Hoşeýa Rebbiň sözüniň başlangyjy: Reb Hoşeýa: «Git-de, zynagär aýala öýlen. Ol saňa başga erkeklerden çaga dogrup berer. Çünki bu ýurt Rebden daşlaşyp, bütinleý zyna edýär» diydi.


Efraýym ýel bilen naharlanýar. Uzakly gün gündogardan gelen ýeli kowalaýar. Ýalançylygy, zulumy artdyrýar. Aşur bilen şertnama baglaşyp, Müsüre zeýtun ýagyny gönderýär.


Efraýym geplände, adamlar titreşdi. Onuň Ysraýylda mertebesi beýgeldi. Ýöne Bagal butuna sežde etmekden günäli bolup öldi.


Çölde, gurak toprakda saňa göz-gulak bolan Mendirin.


Zulum gördi Efraýym. Höküm bilen ezildi. Çünki bilip durubam, boş hyýalyň yzyndan gitmek isledi.


Efraýym keselini, Ýahuda ýarasyny görende, Efraýym Aşuryň ýanyna gitdi. Beýik patyşadan ýardam isledi. Ýöne ol size şypa berip bilmez, ýaraňyza em etmez.


Efraýym jeza gününde çöle öwrüler. Ysraýyl tireleriniň arasynda Men muny takyk bildirerin.


Ysraýyl öýünde bir gorkunç zat gördüm: Şol ýerde Efraýym zyna batdy. Ysraýyl haram edildi.


«Eý, Efraýym, saňa näme edeýin? Eý, Ýahuda, seniň bilen näme etmeli? Siziň söýgiňiz säher dumany, ýerdäki çyg ýaly, basym ýok bolýar.


Efraýym günä gurbanlyk bermäge, köp gurbanlyk sypalaryny gurdy. Bu gurbanlyk sypalary günä mesgeni boldy.


«Ýer ýüzündäki ähli halklaryň arasyndan Men diňe sizi saýladym. Şu sebäpli ähli etmişiňiz üçin, Men sizi jezalandyraryn.


Çünki Men etmişiňiziň köpdügini, günäleriňiziň çökderdigini bilýärin. Dogruçyla ezýet berip, para alýarsyňyz, kazyýetde mätäji boş gaýtarýarsyňyz.


Ol ilkinji doglan öküz ýaly haýbatlydyr, ýabany öküziňki kimindir onuň şahlary. Bir şahy Efraýymyň on müňüsidir, beýlekisi Manaşanyň müňüsidir. Ol halklary şahlary bilen süser, ýeriň ol ujuna çenli olary kowar».


Hudaýdan gizlin ýaradylan hiç zat ýokdur, Onuň nazarynda ähli zat açyk we mese-mälimdir. Biz Oňa hasabat bermelidiris.


„Seniň ähli edenleriňi bilýärin, seniň ne sowuk, ne-de gyzgyndygyňy bilýärin. Wah, käşgä sowuk ýa gyzgyn bolsadyň!


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan