Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Hoşeýa 4:9 - Mukaddes Kitap

9 Halka nähili bolan bolsa, ruhanylara-da şeýle bolar. Men olaryň tutan ýollary üçin jeza bererin. Eden işleriniň öwezini gaýtararyn.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Халка нәхили болан болса, руханылара-да шейле болар. Мен оларың тутан ёллары үчин җеза берерин. Эден ишлериниң өвезини гайтарарын.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Hoşeýa 4:9
23 Iomraidhean Croise  

Dünýäde dogry adam jezalandyrylsa, erbet bilen günäkäriň almyty, gör, näçe esse bolar!


Ynsan diliniň miwesinden ýagşylyk tapar, elleriniň hyzmaty özüne serpaý bolar.


Erbetler öz etmişinde tutulyp, günälerine baglanýarlar.


Halkyň-da, ruhanyň-da, guluň-da, hojaýynyň-da, gyrnagyň-da, bikäniň-de, satyn alýanyň-da, satýanyň-da, bergidaryň-da, algydaryň-da, karzdaryň-da, karz bereniň-de takdyry birdir.


Dogrulara aýdyň, ýagşylyk görerler olar, öz işleriniň miwesini iýerler.


pygamberler galp pygamberlik edýärler, ruhanylar olaryň görkezmesi bilen dolandyrýarlar. Meniň halkym bolsa muny söýýär. Emma bu zatlaryň soňy gelende näme edersiňiz?»


Ýöne Ysraýylyň ýoldan çykan döwri Menden aýrylyp, erbet ýola düşen, öz butlarynyň yzyna eýeren lewiler etmişleriniň jezasyny çekerler.


Olar ýasan butlarynyň öňünde ysraýyl halkyna hyzmat etdiler, ysraýyl halkynyň ýazykly bolmagyna sebäpkär boldular. Şonuň üçin hem Men-Reb olaryň öz etmişleriniň jezasyny çekjekdigine ant içdim, muny Hökmürowan Reb diýýär.


Reb oňa aýtdy: «Ogluň adyna Ýizregel dak, çünki az wagtdan Ýizregeliň gany üçin, Ýehunyň nesline jeza bererin, Ysraýyl patyşalygyny tamamlaryn.


Men islän wagtymda olara temmi bererin. Öz etmişine iki esse daňlan wagtynda, milletler olaryň garşysyna birleşerler.


Ýahuda bilen Rebbiň dawasy bar. Tutan ýoluna görä Ýakuba jezasyny berjek. Edenini garşysyna gaýtarjak.


Ene garnyndaka, Ýakup öz doganynyň ökjesinden tutdy. Ýetişen çagynda Reb bilen göreşdi.


Olaryň ähli pislikleri Meniň ýadymda. Olar muňa üns bermeýärler. Indi olary eden işleri gurşaýar. Eden işleri gözümiň öňündedir.


Maňa gurbanlyklar getirýärler, gurban kesýärler, ýöne eti özleri iýýärler. Reb olardan razy däldir. Indi olaryň günäleri ýatlanar. Etmişlerine görä jeza berler. Olar Müsüre dolanarlar.


Reb diýýär: «Olaryň Gilgaldaky ýaramaz işleri üçin, şol ýerde olary ýigrendim. Men olary öýümden kowaryn. Indi Men olary halamaryn. Bar hökümdary Maňa garşy baş göterdiler.


Gibga günlerinde bolşy ýaly, Olar agyr heläkçilige düşdüler. Ol etmişlerini ýatlar. Olaryň etmişlerine görä jeza bar.


Emma gullarym bolan pygamberlere buýran sözlerimdir beren duýduryşlarymy, näme, ata-babalaryňyz ýerine ýetiren däldir öýdýäňizmi? Olar toba edip, Hökmürowan Reb öz tutan ýolumyza hem etmişlerimize görä bize näme etmegi niýetlän bolsa, şony hem etdi diýdiler“».


Olara zat diýmäň, olar körleri idýän körlerdir. Kör-köri ideklese, olaryň ikisi hem çukura gaçar» diýip jogap berdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan