Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Hoşeýa 4:7 - Mukaddes Kitap

7 Ruhanylar näçe köpeldigiçe, Meniň garşyma şonça köp günä etdiler. Olaryň şöhratyny masgaraçylyga öwrerin.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Руханылар нәче көпелдигиче, Мениң гаршыма шонча көп гүнә этдилер. Оларың шөхратыны масгарачылыга өврерин.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Hoşeýa 4:7
15 Iomraidhean Croise  

Ata-babalarymyzyň döwründen tä şu güne çenli biziň ýazygymyz uludyr. Günälerimiz üçin özümiz, patyşalarymyz, ruhanylarymyz edil şu günki ýaly keseki ýerli patyşalaryň eline berildik, gylyçdan geçirildik, ýesirlige düşdük, talaňa, masgaraçylyga sezewar edildik.


Ysraýyl bir gür şahaly üzüm agajydy, bol-bol miwe getirdi. Miwesi artdygyça, şonça köp gurbanlyk sypasyny gurdy. Topragy bereketli boldugyça, dikme daşlaryny bezedi.


Göle beýik patyşa üçin sowgat bolup, Aşura äkidiler. Efraýym masgaralanar, Ysraýyl agaç butundan uýada galar.


Men ölüler dünýäsiniň gazabyndan gutarmaýynmy olary? Olary ölümden halas etmäýinmi? Eý, ölüm, hany seniň gyrgyn keseliň? Eý, ölüler dünýäsi, hany seniň weýrançylygyň? Nazarymdan rehimi aýraryn.


Meniň naharymdan, olar doýdular. Doýandan soň olar tekepbir boldular. Soň olar Meni unutdylar.


Olar iýerler, ýöne doýmazlar. Olar zyna ederler, emma köpelmezler. Çünki Rebbi terk edip, butlara çörňeşdiler. Köne hem täze şerap halkymyň düşünjesini aýyrýar. Olar hatda agaç butdan maslahat soraýarlar! Olaryň hasasy welilik edýär! Çünki zynalyk ruhy olary ýoldan çykardy. Zyna üçin, öz Hudaýyndan ýüz öwürdiler.


«Muny eşidiň, eý, ruhanylar. Dykgat ediň, eý, ysraýyllar! Gulak as, patyşanyň öýi! Siziň üstüňizden höküm çykarylar. Sebäbi siz Mispada duzak bolduňyz. Taborda gurlan tor bolduňyz.


Garakçylar adamy nähili peýleýän bolsa, Ruhanylaryň topary-da şeýle. Şekem ýolunda ganhorlyk edip, erbet jenaýata ulaşýarlar.


Bir guş kimin Efraýymyň şöhraty uçup gider. Olardan çaga önmez, ne hamyla bolar, ne-de göwrede çaga galar.


Şan-şöhratyňyz utanja öwrüler, indi siz hem içip, serhoş ýörersiňiz. Reb size sag elindäki jeza käsesinden içirer, şonda siz abraýdan düşüp, ile ryswa bolarsyňyz.


Öwüt-ündewiňizde tarapgöýlik edip, Meniň ýollarymy tutmandygyňyz üçin, Men hem sizi bütin halkyň öňünde kemsitdim we peseltdim».


Ýöne Ýeşurun semredi, depmäge başlady. Garnyny ýag alyp agyrlaşdy. Özüni ýaradan Hudaýyndan ýüz öwürdi, ret etdi Halasgär Gaýasyny.


Olaryň soňy weýrançylykdyr, olaryň gara garynlary hudaýlarydyr, olar öz masgaralygyna buýsanýandyrlar. Olar diňe bu dünýäniň zatlary barada oýlanýandyrlar.


Şonuň üçin hem Ysraýyl Hudaýy Reb şuny aýdýar: „Seniň öz nesliň-de, ata-babaňyň nesli-de hemişelik Meniň huzurymda gezer diýip, Men öň söz beripdim. Emma indi Men-Reb muny aýdýandyryn: gaýtmyşym bolsun, çünki Men Özümi sylany sylaryn, äsgermezlik edeni bolsa ryswa ederin.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan