Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Hoşeýa 4:4 - Mukaddes Kitap

4 Hiç kes dawa etmesin. Hiç kes başgany aýyplamasyn. Seniň halkyň ruhana garşy aýyplama getirýäne meňzeýändir.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Хич кес дава этмесин. Хич кес башганы айыпламасын. Сениң халкың рухана гаршы айыплама гетирйәне меңзейәндир.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Hoşeýa 4:4
8 Iomraidhean Croise  

Şonda halk: «Geliň, Ýermeýa garşy dil düwşeliň. Ruhanylaryň öwretjek kanuny-da, akyldarlaryň berjek maslahaty-da, pygamberleriň aýan etjek sözi-de ýeterlik ahyryn. Geliň, oňa dilimiz bilen hüjüm edeliň, hiç bir sözüne gulak asmalyň» diýdi.


Olaryň pitneçi halkdygy üçin Men diliňi damagyňa ýapyşdyraryn, sen lal bolarsyň we olara öwüt berip bilmersiň.


Efraýym butlara ýapyşdy. Ony goý!


Olar kazyýetde paş edýäni ýigrenýärler, hakykaty sözleýäni äsgermezlik edýärler.


Şonuň üçin akylly ynsan şeýle pursatda ümsüm bolar, çünki bu bir erbet zamandyr.


Olaryň biriniň garyndaşy öz kömekçisi bilen hossarynyň jesedini öýden daşary çykaryp ýakmak üçin geler. Ol kömekçisinden: «Başga-da jeset barmy?» diýip soranda, «Ýok» diýip jogap berer. Onsoň garyndaşy: «Sem bol! Rebbiň ady agzalmasyn» diýer.


Kimde-kim Hudaýyňyz Rebbiň Özüne hyzmat etmek üçin bellän ruhanysyna ýa-da kazysyna tekepbirlik edip boýun egmese, ol adam ölüme höküm edilsin. Şeýdip, siz Ysraýyldan pisligi aýryp taşlaň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan