Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Hoşeýa 4:3 - Mukaddes Kitap

3 Şonuň üçin toprak hasrat çekýär. Onda ýaşaýanlar ejizleýärler. Sähradaky haýwanlar hem asman guşlary, hatda deňizdäki balyklar gyrylýarlar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Шонуң үчин топрак хасрат чекйәр. Онда яшаянлар эҗизлейәрлер. Сәхрадакы хайванлар хем асман гушлары, хатда деңиздәки балыклар гырылярлар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Hoşeýa 4:3
17 Iomraidhean Croise  

Ýurt ýas tutup, ruhdan düşýär, Liwan utançdan saralyp-solýar, Şaron Araba çöli kimindir; Başan we Karmel ýapraklaryny dökýär.


Haçana çenli ýurt ýas tutup, otlar saralyp solar? Ol ýerde ýaşaýanlaň pis işlerinden ýaňa haýwanlar bilen guşlar ýitip gitdiler. Çünki bu halk diýýär: «Ol bize näme boljagyny görmeýär».


Çünki ýurt zynahorlykdan doludyr, ýurt nälet zerarly ýas tutýar, çölüň örüleri guraýar. Adamlar pis ýola düşüp, güýçlerini zorluga sarp edýär.


Seretdim, hiç bir ynsan ýokdy, gökdäki ähli guşlar uçup gidipdir.


Men daglar üçin aglaýaryn, ahy-nala çekýärin, çölüň örüleri üçin ýas tutýaryn, sebäbi olar harabalyga öwrüldi, ol ýerden geçýän ýok. Mal-garalaryň sesi eşidilmeýär, guşlar-da, haýwanlar-da gaçyp gitdiler.


Bu zatlar üçin Men olary, heý-de, jezalandyrmarynmy? Beýle milletden öç almarynmy?» Muny Reb aýdýandyr.


Deňziň balyklary, gögüň guşlary, ýyrtyjy haýwanlar, ýerdäki süýrenijiler we ýer ýüzündäki ähli ynsanlar Meniň huzurymda titreşerler, daglar ýumrular, uçutlar ýykylar, ähli diwarlar ýer bilen ýegsan bolar.


Mal-gara neneňsi zaryn yňranýar! sygyr sürüleri yranyp barýar, çünki olar üçin ýokdur ýaýlalar; goýun sürüleri-de ysgyndan düşen.


Amos şeýle diýdi: «Reb Siondan nagra çekýär, Iýerusalimden sesini eşitdirýär. Çopanlaryň öri meýdanlary solýar, Karmel dagynyň başy guraýar».


Hökmürowan Hudaý – Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bütin meýdançalarda dady-perýat ederler, köçelerde „Waý, waý günümize!“ diýşerler. Çagyrarlar daýhany matam tutmaga, ýasçylary – ýas aýdymyny aýtmaga.


Bu işler üçin ýer sarsmajakmy? Ýerde ýaşaýan her kes ýas tutmajakmy? Bütin ýer ýüzi Nil derýasy kimin tolkun atar, Müsürdäki Nil derýasy deý belende galyp pese düşer».


Ol buýrugy bilen deňizleri guradýar, bütin derýalary takyradýar, Başan we Karmel daglary solýar, Liwanyň gülleri solýar.


Men ony ýolladym. Ol ogrynyň hem-de Meniň adymdan ýalandan ant içýäniň öýüne girer we şol öýde-de galar; agaç-tagtasydyr daşlary bilen bile öýi ýuwudar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan