Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Hoşeýa 3:4 - Mukaddes Kitap

4-5 Çünki ysraýyllar uzak wagtlap patyşasyz, hökümdarsyz, gurbanlyksyz, dikme daşsyz, efotsyz, butsuz ýaşarlar. Şondan soň ysraýyllar dolanyp, öz Hudaýy Rebbi hem patyşasy Dawudy gözlärler. Ahyrky günlerde bolsa olar Rebden gorkup, Hudaýyň ýalkawyna dolanarlar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4-5 Чүнки ысрайыллар узак вагтлап патышасыз, хөкүмдарсыз, гурбанлыксыз, дикме дашсыз, эфотсыз, бутсуз яшарлар. Шондан соң ысрайыллар доланып, өз Худайы Ребби хем патышасы Давуды гөзләрлер. Ахыркы гүнлерде болса олар Ребден горкуп, Худайың ялкавына доланарлар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Hoşeýa 3:4
44 Iomraidhean Croise  

Laban öz dowarlaryny gyrkmaga giden wagty, Rahel kakasynyň öý butlaryny ogurlady.


Rahel butlary alypdy we olary düýäniň howudynyň aşagynda gizläp, özi-de onuň üstünde oturypdy. Laban çadyryň ähli ýerini barlap çykdy, ýöne olary tapmady.


Şalyk hasasy Ýahudanyň elinden düşmez, onuň nesilleri şalyk sürer elmydam, Ol Şilo geler, milletler oňa boýun bolarlar.


Dawut nepis zygyr matadan tikilen efot geýip, Rebbiň huzurynda bar güýji bilen joşup tans edýärdi.


Şeýle hem Ýoşyýa Hilkiýa ruhanynyň Rebbiň öýünden tapan kitabynda ýazylan kanunda aýdylan zatlary berjaý etmek üçin, Ýahudada, Iýerusalimde edilýän ähli nejis işleriň, ähli öý butlarynyň, beýleki butlaryň, palçylaryň, jadygöýleriň barynyň soňuna çykdy.


Azarýa Asanyň öňünden çykyp, oňa şeýle diýdi: «Eý, Asa, ähli ýahudalar bilen benýaminler, maňa gulak asyň! Siz Reb bilen bolsaňyz, Ol hem siziň bilendir. Ony agtarsaňyz, taparsyňyz; Ony terk etseňiz, Ol-da sizi terk eder.


Olaryň tikjek geýimleri şulardan ybarat: gursakça, efot, don, nagyşly uzyn köýnek, selle we guşak. Agaň Harunyň we onuň ogullarynyň Maňa ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin, bu ruhany geýimleri tikeniňizde,


Ukyply ökde ussalar efody altyn sapakdan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tiksinler.


Onuň derwezeleri ýere çökdi; Reb kiltlerini döwüp ýok etdirdi. Patyşasy we ýolbaşçylary ýat milletleriň arasynda galdy. Indi halka öwüt-nesihat berilmeýär, pygamberlerine Rebden görnüş gelmeýär.


Onuň şahalarynyň bir çybygyndan ot çykyp, şahasyny hem miwesini ýandyrdy, hökümdarlyk hasasy üçin berk şaha galmady». Bu agydyr we agylygyna-da galar.


Siz: „Agaja we daşa sygynyp, biz-de beýleki milletler ýaly, başga ýurtlardaky taýpalar ýaly bolarys“ diýýärsiňiz, emma akylyňyzda aýlaýan bu zatlaryňyz amala aşmaz.


Çünki Babyl patyşasy iki ýoluň başynda durup jogap agtarýar. Ol oklary silkeleýär we butlara maslahat salyp, gurbanlyk malynyň bagryna seredýär.


Üstüňize gaharymy döküp, gazap odumy üflärin, seni öldürmäge zabun wagşylaryň eline bererin.


Onuň iberen goşunlary mukaddes ýeri we galany eýeläp, olary harama çykararlar. Olar gündelik ýakma gurbanlygyny ýatyryp, weýrançylyk getirýän ýigrenji zady dikerler.


Gündelik ýakma gurbanlygyň ýatyrylyp, weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň dikeldilen wagtyndan başlap, bir müň iki ýüz togsan gün geçer.


Hökümdar köpler bilen bir hepdelik berk äht baglaşar. Ýarym hepdeden soň bolsa gurbanlyk we sadaka bermesini goýar. Edilen karar onuň başyndan inýänçä, bu weýran ediji hökümdar ybadathananyň içinde weýrançylyk getirýän ýigrenji zady diker».


Seni halas eder ýaly, seniň patyşaň nirede? Sen: „Maňa patyşa hem hökümdar ber“ diýipdiň. Seniň şäherleriňdäki hökümdarlar nirede?


Men gaharly wagtymda saňa patyşa berdim. Gazabym joşanda bolsa aýyrdym.


Onuň bar şadyýanlygyny, baýramlaryny, Täze Aý baýramyny we Sabat gününi, ähli dabaralaryny tamam ederin.


Soňra Musa Harunyň egnine uzyn köýnek we don geýdirip, onuň bilini guşak bilen guşady. Musa onuň donunyň üstünden efot geýdirip, ony bezelen guşak bilen Harunyň arkasyna berkitdi.


Butlar bimany gepleýärler, palçylar ýalan sözleýärler, galp düýşleri ýorýarlar, soňy boş göwünlik berýärler. Şol sebäpden goýun ýaly ygyp ýörler, çopansyzdyklary üçin ejir çekýärler.


Şol gün Men ýurtdan butlaryň atlaryny öçürip taşlaryn. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Mundan beýläk olar ýatlanylmaz. Ýalan pygamberleri-de, erbet ruhy-da ýurtdan çykararyn.


Olar gylyçdan geçiriler, ýesir alnyp, ähli milletleriň arasyna sürgün ediler. Keseki milletler özleriniň möhleti dolýança, Iýerusalimi ýer bilen ýegsan ederler.


Olar: «Güm et Ony! Ýok et! Ony haça çüýle!» diýip gygyryşdylar. Pilat olardan: «Patyşaňyzy haça çüýläýinmi?» diýip sorady. Ýolbaşçy ruhanylar: «Biziň imperatordan başga patyşamyz ýokdur» diýip jogap berdiler.


Eger biz hakykat bilimini kabul edenimizden soňam bilgeşleýin günä etsek, günäleri bagyşlamak üçin indi gurbanlyk ýokdur.


Mika tarapyndan salnan bir sany ybadat edilýän öý bardy. Ol efot we butlar ýasady hem-de öz ogullarynyň birini ruhany edip belledi.


Laýyşy gözden geçirmäge öň gelip giden bäş adam öz doganlaryna: «Şu öýleriň birinde efot, oýma hem guýma but we başga butlar bar, siz şony bilýärsiňizmi? Indi näme etmelidigiňizi özüňiz biliň» diýdiler.


Gidegon olardan efot ýasady we ony öz galasy bolan Oprada goýdy. Soňra ähli ysraýyllar ol ýere gatnap, efoda sežde etdiler. Bu Gidegona hem-de onuň öýündäkileriň ählisine gurlan duzakdy.


Efot geýnip gezýän Ahyýa hem şu ýerdedi. Ol Ikabodyň dogany bolan Ahytubyň ogludy. Ikabot Pinehasyň ogly, Rebbiň Şilodaky ruhanysy Eliýiň agtygydy. Ýonatanyň gidenini häzir hiç kim bilmeýärdi.


Çünki topalaň palçylyga barabar günädir. Tekepbirlik şere we butparazçylyga barabardyr. Rebbiň sözüni ret edendigiň üçin Reb hem seniň patyşa bolmaklygyňy ret etdi».


Şamuwel Rebbiň huzurynda hyzmat edýärdi. Ol nepis zygyr matadan tikilen efot geýip gezýärdi.


Ahymelek oňa: «Ela jülgesinde seniň eliňden ölen Jalut piliştliniň gylyjy şu ýerde, efodyň ýeňsesinde mata dolangy ýatyr. Eger isleseň, şony alaý. Bu ýerde şondan başga ýarag ýok» diýdi. Dawut oňa: «Ondan gowy ýarag bolmaz, şony beräý» diýdi.


Soňra patyşa ruhanylary öldürmegi Döwege buýurdy. Edomdan bolan Döweg ruhanylary gyrdy. Şol gün ol nepis zygyr matadan tikilen efot geýnen segsen bäş ruhanyny öldürdi.


Ahymelegiň ogly Abýatar gaçyp, Dawudyň ýanyna gelende, onuň elinde efot bardy.


Şawulyň niýetiniň ýamandygyny bilende, Dawut ruhany Abýatara: «Efody getir, Hudaýyň islegini bileli» diýdi.


Ol Ahymelegiň ogly ruhany Abýatara: «Efody getir» diýdi. Abýatar efody Dawudyň ýanyna getirdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan