Öýüňde ýaşan ýigrimi ýylym, ine, şeýle geçdi. Iki gyzyň üçin on dört ýyl, dowarlaryň üçin alty ýyl hyzmatyňy etdim. Emma sen meniň zähmet hakymy on gezek üýtgetdiň.
Agyrlyk daşy we ölçeg küýzesi birmeňzeş bolsun. Agyrlyk daşy batmanyň ondan birine, ölçeg küýzesi hem batmanyň ondan birine deň bolup, bularyň ölçegi bir bolsun; ikisiniň-de ölçegi resmi ölçege görä bolsun.
Eger kimdir biri öz mülkünden bir bölek ýeri Rebbe bagyş etse, ýeriň bahasy oňa ekiljek tohumyň mukdaryna görä kesilsin: bir eşek ýüki arpa tohumynyň gymmaty bir ýüz mysgal kümüş bolsun.
Şeýle hem merhumyň ady öz mirasynyň üstünde berkarar bolup, doganlarynyň arasynda, dogduk mekanynda onuň ady ýitmez ýaly, Mahlonyň aýaly, mowaply Ruty men özüme aýallyga alýaryn. Siz muňa şaýatsyňyz» diýdi.
Soňra Şawul olara: «Onda siz Dawuda: „Ýüz sany piliştlini sünnetläp, pürçüklerini getirip, duşmanlaryndan aryny alyp berseň, patyşa senden hiç hili galyň islänok“ diýip aýdyň» diýdi. (Şeýdip, Şawul piliştlileriň eli bilen Dawutdan dynmagy ýüregine düwüpdi.)