Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Hoşeýa 3:1 - Mukaddes Kitap

1 Reb maňa şeýle diýdi: «Sen ýene git-de, aýalyňy getir. Oýnaşy bolsa-da, zyna etse-de, ony söý. Ine, ysraýyl halky-da başga hudaýlara köňül berip, butlara kişmişli külçeleri hödür etmegi halaýarlar. Emma Men şonda-da olary söýýärin».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Реб маңа шейле дийди: «Сен ене гит-де, аялыңы гетир. Ойнашы болса-да, зына этсе-де, оны сөй. Ине, ысрайыл халкы-да башга худайлара көңүл берип, бутлара кишмишли күлчелери хөдүр этмеги халаярлар. Эмма Мен шонда-да олары сөййәрин».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Hoşeýa 3:1
34 Iomraidhean Croise  

Aýal-erkek diýmän, ysraýyl halkynyň hersine bir çörek, bir bölek et hem-de kişmiş paýlady. Şondan soň tutuş jemagat öýüne dargady.


Emma Reb Ybraýym, Yshak we Ýakup bilen eden ähti üçin ysraýyllara merhemet edip, rehim-şepagat görkezdi we olary goldady. Reb olary heläk etmek islemedi. Şu wagta çenli hem olary Öz huzuryndan kowmady.


Ol aýal-erkek diýmän, ähli ysraýyllara bir bölek çörek, bir bölek et hem kişmiş paýlady.


Emma Öz tükenmez rehimdarlygyň bilen olary bütinleý ýok etmediň ýa-da terk etmediň. Çünki Sen merhemetli, rehimdar Hudaýsyň.


Reb tarapdarymyz bolmadyk bolsa, adamlar bize garşy aýaga galanlarynda,


Ertesi gün halk irden turup, ýakma gurbanlygyny we salamatlyk sadakasyny berdi. Adamlar iýip-içmäge oturdylar, soňra turup oýnaşmaga başladylar.


Kişmişler bilen meni güýçlendir, gurplandyr almalar bilen, çünki yşk heseri meni gaplady.


Eý, ýeriň dört künjegindäkiler, Maňa dolanyň-da, halas boluň! Men Hudaýdyryn, Menden başgasy ýokdur.


Emma bir aýalyň öz ärine biwepalyk edişi ýaly, siz hem Maňa biwepalyk etdiňiz, eý, ysraýyl halky!“» Muny Reb aýdýandyr.


Efraýym Meniň eziz oglum dälmidir? Ol Meniň hoşal bolan balam dälmidir? Onuň adyny agzan çagymda, ony söýgi bilen ýatlaýaryn Men. Şonuň üçin ýüregim ony küýseýär, oňa, elbetde, rehim ederin. Muny Reb aýdýandyr.


Eý, Efraýym, Men senden nädip el çekeýin? Seni nädip terk edeýin, eý, Ysraýyl? Adma galasynda bolanlary saňa nädip bereýin? Seboýym galasyna edenimi saňa-da edeýinmi? Kalbymda ýüregim gobsundy. Meniň mährim ýylady.


Çünki olaryň ejesi zyna etdi we bilinde çaga galdyryp, özüni ryswa etdi. Çünki: „Maňa nan bilen suwumy, ýüňümi, zygyr matamy, zeýtun ýagymy hem içgimi berýän oýnaşlarymyň yzyndan gitjek“ diýdi.


Patyşanyň meýlis gününde emeldarlar şerabyň gyzgynyna huşuny ýitirýärler. Patyşa ýaman iş edýänler bilen el-ele berýär.


Her gurbanlyk sypasynyň ýanynda girew alnan eşikleri ýazyp oturýarlar. Özleriniň Hudaýynyň öýünde jerime pula alnan şeraby içýärler.


şakäseden şerap içýänler, üstlerine iň oňat atyr sepýänler, Ýusubyň weýrançylygyna ýas tutmaýanlar, halyňyza waý!


Emma men gözlerimi Rebbe dikerin, Halasgär Hudaýyma bil baglaryn. Maňa gulak asar Hudaýym.


Şoňa görä, Reb şeýle diýýär: «Men duýgudaşlyk bilen Iýerusalime tarap öwrülerin. Meniň ybadathanam şol ýerde gurlar we Iýerusalimi dikeltmek üçin ölçeg ýüpi çekiler. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn».


Isa hem oňa: «Dostum, hany, näme etjek bolsaň et» diýdi. Edil şol wagt adamlar Isany tutup, ele saldylar.


Siz hem Rebbiň käsesinden, hem-de jynlaryň käsesinden içip bilmersiňiz. Siz hem Rebbiň saçagyna, hem-de arwah-jynlaryň saçagyna şärik bolup bilmersiňiz.


Olaryň käbirleri ýaly butparaz bolmaň. Olar barada Töwratda şeýle ýazylgydyr: «Adamlar iýip-içmäge oturdylar, soňra turup, oýnaşmaga başladylar».


Geçmişde butparazlyga uýup ýaşanyňyz ýeterlikdir. Şol döwürleri siz ahlaksyzlykda, haram keýp çekmekde, serhoşlykda, içgili keýpi-sapada we ýigrenji butparazlykda geçirdiňiz.


Şeýdip, olar keseki hudaýlardan ýüz öwrüp, ýene Rebbe gulluk edip başladylar. Reb olara ýene-de dözmedi.


Olar meýdana çykyp, öz üzümlerini ýygdylar. Üzüm ýenjilýän sokuda ýenjip, sykyp suwuny aldylar. Baýram etdiler, öz hudaýlaryna sežde etdiler. Iýip-içip, Abymelegi näletlediler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan