Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Hoşeýa 2:9 - Mukaddes Kitap

9 Şonuň üçin beren gallamy öz wagtynda Men yzyna alaryn, öz möwsüminde täze şerabymy gaýdyp alaryn. Ýalaňaç bedenini örtýän ýüňümi, zygyrymy yzyna alaryn.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Шонуң үчин берен галламы өз вагтында Мен ызына аларын, өз мөвсүминде тәзе шерабымы гайдып аларын. Ялаңач беденини өртйән йүңүми, зыгырымы ызына аларын.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Hoşeýa 2:9
15 Iomraidhean Croise  

Şonuň üçin hem, Men saňa garşy el göterdim, rysgalyňy kemeltdim we seni özüňi ýigrenýänlere, seniň zynagärligiňden utanýan piliştli gyzlaryň erkine berdim.


Seni olaryň eline bererin, olar seniň çadyryňy ýykarlar, seždegähleriňi kül-peýekun ederler, egniňden eşigiňi sypyrarlar, şaý-sepleriňi alyp, seni ýalaňaç we alaň-açyk galdyrarlar.


Olar seniň geýimiňi sypyrarlar, owadan şaý-sepleriňi alarlar.


Çünki demirgazyk patyşasy ýene-de öňküsinden hem has beýik bir goşun toplar. Birnäçe ýyldan soň ol doly ýaraglanan agyr goşun bilen geler.


Aýyrmasa Men ony edil doglan wagtyndaky ýaly çuw-ýalaňaç ederin. Ony boş çöle, gury topraga öwrerin. Teşnelikden öldürerin.


Olar ýel ekip, tupan orarlar. Sümmülsiz bugdaý un bermez. Hasyl beräýse-de, özgeler iýer.


Ne däne, ne şerap size ýeter. Siziň täze şeraba bolan umydyňyz puja çykar.


Kim bilýär, belki, ýüz öwürmän, eder rehimi, Özünden soň goýar berekedini, hatda Hudaýyňyz Rebbe berilýän galladyr içgi sadakalaryny?


Mal-mülkleri olja bolar, jaýlary haraba döner, jaý salynsalar-da, ýaşamazlar onuň içinde, üzüm agaçlaryny oturdarlar, emma olaryň şerabyndan içmezler».


Edomlylar: «Biz weýran edildik, ýöne weýrançylygy dikelderis» diýerler. Ýöne Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Olar gurarlar, emma Men ýykaryn. Ýurtlarynyň erbet ýurtdygyny, halkyna bolsa Rebbiň ömürlik gaharynyň gelendigini hemmeler bilerler.


Şonda siz ýene bir gezek dogry bilen egriniň, Hudaýa gulluk edýän bilen etmeýäniň arasyndaky tapawudy görersiňiz».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan