Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Hoşeýa 2:8 - Mukaddes Kitap

8 Ýöne ol bilmedi, gallany, täze şeraby, täzeje ýagy beren, Bagal butuna harçlan altynyny, kümşüni bol eden Men.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Йөне ол билмеди, галланы, тәзе шерабы, тәзеҗе ягы берен, Багал бутуна харчлан алтыныны, күмшүни бол эден Мен.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Hoşeýa 2:8
27 Iomraidhean Croise  

Eý, Hudaýymyz Reb, Seniň mukaddes adyňa öý gurmak üçin taýýarlan şu bolçulyklarymyzyň hemmesini Sen berdiň; olaryň bary Seniň Özüňkidir.


Ýoluma germew çekdi, geçip bilemok, ýodalarymy garaňkyratdy.


Öküz öz eýesini tanaýar, eşek-de eýesiniň ahyryny, emma Ysraýyl Meni tanamaýar, halkym Maňa düşünmeýär».


Altyny torbadan guýýanlar, kümşi terezide çekýänler bir zergäri hakyna tutýarlar, ol-da olardan bir hudaý ýasaýar; olar ýere ýüzin düşüp, oňa sežde edýärler.


Çagalary odun ýygnaýar, atalary ot ýakýar, aýallary hamyr ýugrup, asman melikesi üçin köke bişirýär. Bu halk başga hudaýlara içgi sadakasyny hödürleýär. Bu zatlar Meniň gaharymy getirýär.


şanly düşekde oturdyňyz, düşegiň öňünde bolsa taýyn saçak bardy. Meniň ýakymly ysly tütetgim bilen ýagymy onuň üstünde goýduňyz.


Nebukadnesar patyşa bir altyn heýkel ýasatdy. Onuň boýy altmyş, ini alty tirsekdi. Patyşa heýkeli Babyl welaýatynyň Deýra diýen düzlüginde dikdi.


Gaýtam, özüňi gögüň Taňrysyna garşy goýup, tekepbirlik etdiň. Onuň ybadathanasynyň gap-gaçlaryny seniň huzuryňa getirdiler. Seniň özüň, töreleriň, aýallaryň we gyrnaklaryň olara şerap guýup içdiňiz. Görmeýän, eşitmeýän we bilmeýän, kümüşden, altyndan, bürünçden, demirden, agaçdan, daşdan ýasalan hudaýlary alkyşladyňyz. Emma janyňyzy Öz elinde saklaýan we ähli ýollaryňyza göz-gulak bolýan Hudaýy şöhratlandyrmadyňyz.


Ysraýyl bir gür şahaly üzüm agajydy, bol-bol miwe getirdi. Miwesi artdygyça, şonça köp gurbanlyk sypasyny gurdy. Topragy bereketli boldugyça, dikme daşlaryny bezedi.


Efraýym geplände, adamlar titreşdi. Onuň Ysraýylda mertebesi beýgeldi. Ýöne Bagal butuna sežde etmekden günäli bolup öldi.


Indi günä üstüne günä edýärler. Kümüşden özlerine butlar edinýärler. Butlar ussatlyk bilen ýasalýar. Hemmesi ussanyň işidir. Adamlara: «Gurbanlyk etsinler! Göleleri öpsünler» diýýärler.


Çünki olaryň ejesi zyna etdi we bilinde çaga galdyryp, özüni ryswa etdi. Çünki: „Maňa nan bilen suwumy, ýüňümi, zygyr matamy, zeýtun ýagymy hem içgimi berýän oýnaşlarymyň yzyndan gitjek“ diýdi.


Menden soraşman, özlerine patyşalar bellediler. Menden soragsyz serdarlary seçdiler. Kümüşden, altyndan özlerine weýrançylyk getirýän butlar ýasadylar.


Olar hudaýlary hökmünde toruna gurbanlyk berýärler, toruň hatyrasyna ýakymly ysly tütetgi ýakýarlar, çünki tory olary lezzetli durmuş, bol saçak bilen üpjün edýär.


Birnäçe günden soň kiçi ogly bar-ýoguny toplap, bir uzak ýurda gidýär. Ol ýerde şady-horramlykda ýaşap, mal-mülküni ýele sowurýar.


Bu adamlar Hudaýy tanamalydyr öýtmediler. Şoňa görä-de, Hudaý olary azgyn höweslerine tabşyryp, edilmesiz zatlary etmeklerine ýol berdi.


Gaýtam, Hudaýyňyz Rebbi ýadyňyzda saklaň, çünki baýlyk toplamaga güýji Ol berýändir. Şonda Ol şu günki görşüňiz ýaly, ata-babalaryňyza wada eden ähtini tassyklar.


Olar meýdana çykyp, öz üzümlerini ýygdylar. Üzüm ýenjilýän sokuda ýenjip, sykyp suwuny aldylar. Baýram etdiler, öz hudaýlaryna sežde etdiler. Iýip-içip, Abymelegi näletlediler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan