Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Hoşeýa 2:7 - Mukaddes Kitap

7 Ol oýnaşlarynyň yzyndan kowalar, Ýöne olaryň yzyndan ýetip bilmez. Olary gözlär, ýöne tapmaz. Şonda ol aýdar: „Ilkinji ärimiň ýanyna dolanaryn, çünki öňki ýagdaýym häzirkimden gowudy“.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Ол ойнашларының ызындан ковалар, Йөне оларың ызындан етип билмез. Олары гөзләр, йөне тапмаз. Шонда ол айдар: „Илкинҗи әримиң янына доланарын, чүнки өңки ягдайым хәзиркимден говуды“.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Hoşeýa 2:7
41 Iomraidhean Croise  

Ahaz özüni ýeňlişe sezewar eden Damask hudaýlaryna gurbanlyk berip, şeýle diýdi: «Siriýa patyşalarynyň hudaýlarynyň olara ýardam edişleri ýaly, maňa-da ýardam etmekleri üçin, men olara gurbanlyk bererin». Emma ol hudaýlar Ahazyň we tutuş Ysraýylyň başyndan betbagtçylyk inderdi.


Siz: «Ýok, biz atly gaçarys» diýdiňiz. Şonuň üçin gaçarsyňyz! Siz: «Ýüwrük atlara müneris» diýdiňiz. Şonuň üçin kowguçylar ýüwrük bolar.


Milletleriň butlarynyň arasynda ýagyş ýagdyryp bilýäni barmy? Asman çabga ýagdyryp bilermi? Muny diňe Sen edip bilýärsiň, ýa Beýik Hudaýymyz! Bularyň baryny edýän Sensiň. Sendedir umydymyz!


«Git-de, şulary Iýerusalim halkyna jar et. Reb şeýle diýýär diý: „Men seniň ýaşlygyňdaky wepaňy, gelin wagtyňdaky söýgiňi ýatlaýan, çölde – ekin bitmeýän ýerde, Meniň yzyma eýerişiňi ýatlaýan.


Hany, özüňize ýasan hudaýlaryňyz nirede? Başyňyzdan bela inende, sizi halas edip bilýän bolsalar, goý, gelsinler. Eý, ýahuda halky, şäherleriň sany näçe bolsa, hudaýlaryňyň sany hem şonçadyr.


Neçün yzly-yzyna edýärsiň sen dönüklik? Aşurda masgara bolşuň dek, masgara bolarsyň Müsürde hem.


«Aýdaly, bir adam aýalynyň talagyny berýär, ol aýal hem onuň bilen aýrylyşyp, başga birine barýar. Mundan soň ýaňky adam bu aýaly ikinji gezek alarmy? Beýle etse ýurt bütinleý haram bolmazmy? Sen bolsa, eý, Ysraýyl, köp oýnaşlar bilen zyna etdiň. Indi bir Maňa tarap öwrülersiňmi? Muny Reb aýdýandyr.


Men Efraýymyň nalaýan sesini eşitdim: „Men baş öwredilmedik öküz ýalydym. Sen maňa terbiýe berdiň, men sapak aldym. Meni dogry ýola sal, ýola geleýin, çünki meniň Hudaýym Reb Sensiň.


Bu äht Meniň olaryň ata-babalarynyň ellerinden tutup, Müsürden çykaran günüm baglaşan ähtim ýaly däldir. Men olaryň Hojaýyny bolsam-da, olar şol ähtimi bozdular». Muny Reb aýdýandyr.


Tersine, biz ähli zady öz eden kasamymyza laýyk ederis. Asman melikesine tütetgi ýakarys we oňa içgi sadakasyny hödürläris. Biziň özümiz, ata-babalarymyz, patyşalarymyz we ýolbaşçylarymyz Ýahuda şäherlerinde, Iýerusalim köçelerinde näme eden bolsak, şony hem ederis. Şol döwürde biz bolelin iýip-içerdik, gülläp öserdik, ýamanlyk garasyny görmezdik.


Keşdeli eşikleriňi alyp, olara geýdirdiň. Meniň zeýtun ýagymy we ýakymly ysly tütetgimi olaryň öňünde goýduň.


Onsoň ýene gapdalyňdan geçip, saňa seretdim. Seniň tüýs söýgi çagyňdy; etegimi üstüňe ýazyp, ýalaňaçlygyňy örtdüm. Saňa ant içip, seniň bilen äht baglaşdym, sen-de Meniňki bolduň. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Siz: „Agaja we daşa sygynyp, biz-de beýleki milletler ýaly, başga ýurtlardaky taýpalar ýaly bolarys“ diýýärsiňiz, emma akylyňyzda aýlaýan bu zatlaryňyz amala aşmaz.


Ol bezemen geýnüwli aşur ýolbaşçylaryna häkimlere, emeldarlara, at münýänlere, görmegeý ýaş ýigitleriň baryna göwün berdi.


Şonuň üçin, eý, Oholyba, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men seniň ýigrenen oýnaşlaryňy özüňe garşy küşgürerin, olary her ýandan saňa garşy aýaga galdyraryn.


Ulusynyň ady Ohola, kiçisiniňki bolsa Oholybady. Olar Meniňki boldular, ogullar we gyzlar dogurdylar. Atlaryna görä Ohola Samariýadyr, Oholyba Iýerusalimdir.


Seniň gören bu agajyň, ýagny belent we güýçli, boýy asmana ýetip duran, dünýäniň çar künjünden hem görnüp duran,


Bularyň hemmesi Nebukadnesar patyşanyň başyna geldi.


Dünýäniň ähli ilaty hiç zat saýylar. Gögüň goşunyna hem, ýer ýüzüniň ilatyna hem Öz islän zadyny eder. Onuň elini saklap, «Seniň edýäniň näme?» diýjek hiç kim ýokdur.


Ol ynsanlar arasyndan kowuldy, aňy haýwan aňyna öwrüldi. Ynsan patyşalygynyň üstünden Beýik Hudaýyň höküm sürýändigine we patyşalygy Özüniň islän adamyna berýändigine düşünýänçä, ol ýabany eşekler bilen ýaşady, öküzler ýaly ot iýdi, endamy gögüň çygy bilen ýuwuldy.


Hoşeýa Rebbiň sözüniň başlangyjy: Reb Hoşeýa: «Git-de, zynagär aýala öýlen. Ol saňa başga erkeklerden çaga dogrup berer. Çünki bu ýurt Rebden daşlaşyp, bütinleý zyna edýär» diydi.


Meniň naharymdan, olar doýdular. Doýandan soň olar tekepbir boldular. Soň olar Meni unutdylar.


Samariýa halky öz günäsiniň jezasyny çeker. Çünki Hudaýa garşy çykdylar. Olar gylyçdan heläk bolarlar. Balalary ýere ýazylyp parçalanar. Hamyla aýallarynyň garny ýarylar.


Şol gün Meni „Ärim“ diýip çagyrar. Mundan beýläk „Bagalym“ diýip çagyrmaz». Muny Reb aýdýandyr.


Efraýym keselini, Ýahuda ýarasyny görende, Efraýym Aşuryň ýanyna gitdi. Beýik patyşadan ýardam isledi. Ýöne ol size şypa berip bilmez, ýaraňyza em etmez.


Olar günälerini boýun alyp, Meniň huzurymy ýürekden agtarýançalar, hasratly ýagdaýda meni yzlaýançalar, Men öz mekanyma giderin».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan