Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Hoşeýa 2:5 - Mukaddes Kitap

5 Çünki olaryň ejesi zyna etdi we bilinde çaga galdyryp, özüni ryswa etdi. Çünki: „Maňa nan bilen suwumy, ýüňümi, zygyr matamy, zeýtun ýagymy hem içgimi berýän oýnaşlarymyň yzyndan gitjek“ diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Чүнки оларың эҗеси зына этди ве билинде чага галдырып, өзүни рысва этди. Чүнки: „Маңа нан билен сувумы, йүңүми, зыгыр матамы, зейтун ягымы хем ичгими берйән ойнашларымың ызындан гитҗек“ дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Hoşeýa 2:5
33 Iomraidhean Croise  

Sadyk şäher nähili zynahor boldy! Ol öň adalatdan doludy, dogrulyk mesgen tutupdy onda, indi bolsa ganhorlar!


Reb şeýle diýýär: «Ejeňiz talak zerarly gitdimi? Eýsem bergidar bolup satdymmy sizi? Ine, siz öz etmişleriňiz sebäpli satyldyňyz, siziň ýazyklaryňyz zerarly ejeňiz kowuldy.


Çünki hudaýlaryň sany şäherleriň sany bilen deňdir, eý, Ýahuda! Siz Iýerusalimiň köçeleriniň sanyna görä utançly zatlar üçin gurbanlyk sypalaryny, Bagal butuna gurbanlyklar hödür etmek üçin gurbanlyk sypalaryny gurduňyz.


Eger içiňden: „Näme üçin bu zatlar meniň başyma düşdükä?“ diýýän bolsaň, bu etmişleriňiň köplügi sebäpli etegiň açyldy we namysyňa degildi.


Sen bireýýäm boýuntyrygyňy döwüp, diýdiň tanaplaryňy üzüp: ‘Saňa gulluk etmerin’. Her bir beýik baýyrlykda butlara sežde etdiň, gür ýaprakly her bir agajyň astynda zyna etdiň serlip ýatyp.


Eý, Iýerusalim, akylyňa aýlan, ýogsam Men senden ýüz öwrerin. Seni harabaçylyga, ilatsyz bir ýurda öwrerin».


Munuň üçin, eý, azgyn aýal, Rebbiň sözüni diňle:


Seni olaryň eline bererin, olar seniň çadyryňy ýykarlar, seždegähleriňi kül-peýekun ederler, egniňden eşigiňi sypyrarlar, şaý-sepleriňi alyp, seni ýalaňaç we alaň-açyk galdyrarlar.


Göbegiň doglan günüň kesilmedi, arassalamak üçin suw bilen ýuwulmadyň, duz bilen sürtülmediň we gundalmadyň.


Hoşeýa Rebbiň sözüniň başlangyjy: Reb Hoşeýa: «Git-de, zynagär aýala öýlen. Ol saňa başga erkeklerden çaga dogrup berer. Çünki bu ýurt Rebden daşlaşyp, bütinleý zyna edýär» diydi.


«Gyjalat beriň ejeňize, gyjalat, çünki ol Meniň aýalym däl; Men hem onuň äri däl; goý, ýüzünden görünýän zynahorlygy, teninden azgynlygy aýyrsyn.


Ýöne ol bilmedi, gallany, täze şeraby, täzeje ýagy beren, Bagal butuna harçlan altynyny, kümşüni bol eden Men.


Reb maňa şeýle diýdi: «Sen ýene git-de, aýalyňy getir. Oýnaşy bolsa-da, zyna etse-de, ony söý. Ine, ysraýyl halky-da başga hudaýlara köňül berip, butlara kişmişli külçeleri hödür etmegi halaýarlar. Emma Men şonda-da olary söýýärin».


Sen gündizlikde, pygamber bolsa gijelikde seniň bilen büdrär. Seniň ejeň Ysraýyly ýok ederin.


Olar ýeke aýlanýan gulan ýaly, Aşura gitdiler. Efraýym özüne oýnaşlary satyn aldy.


Çölde üzüm tapan ýaly, Men Ysraýyly tapdym. Ilkinji miwe beren injir agajyny gören ýaly, Men ata-babalaryňyzy gördüm. Ýöne olar Bagalpegor dagyndaky butuna sežde edenlerinde, özlerini ryswaçylyga urdular. Göwün beren zatlary ýaly ýigrenji boldular.


Şol gün gözel gyzlar we ýaş ýigitler teşnelikden huşuny ýitirerler».


Pilişt hanlary özleriniň hudaýy Dagona juda köp gurbanlyklar berip, şady-horramlyk etmek üçin ýygnandylar. Olar: «Duşmanymyz Şimşony hudaýymyz biziň elimize berdi» diýişdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan