Ýoram Ýehuwy görüp: «Ýehu, eýgilikmidir?» diýip sorady. Ýehu: «Ejeň Izebeliň edýän köp zynagärligi, jadygöýligi bilen eýgilik nireden bolsun?!» diýip jogap berdi.
Pudaklary gurap döwler, aýallar gelip, olary ýakarlar. Bu halk düşünmeýän halkdyr; şonuň üçin Ýaradany olara rehim etmez, Döredijisi olara merhemet görkezmez».
Reb şeýle diýýär: «Ejeňiz talak zerarly gitdimi? Eýsem bergidar bolup satdymmy sizi? Ine, siz öz etmişleriňiz sebäpli satyldyňyz, siziň ýazyklaryňyz zerarly ejeňiz kowuldy.
Men olary ata-eneleri we çagalary bilen birlikde biri-birini gyrlyşdyraryn. Olary ýok edenimde, gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez, ýüregim awamaz. Muny Reb aýdýandyr“.
Çünki Reb şeýle diýýär: „Ýas tutulýan öýe girme, matam tutmak, aglamak üçin gitme. Çünki Men bu halkdan sag-salamatlygymy, söýgimi we rehim-şepagatymy aýyrdym. Muny Reb aýdýandyr.
Saňa garşy gabanjaňlygym oýanar. Olar saňa gazaplanyp ýowuz daraşarlar, burnuňy we gulaklaryňy kesip taşlarlar, aman galanlaryňyz gylyçdan heläk bolarlar. Ogullaryňy we gyzlaryňy alarlar, aman galanlaryňyzy ot ýakyp ýok eder.
Hoşeýa Rebbiň sözüniň başlangyjy: Reb Hoşeýa: «Git-de, zynagär aýala öýlen. Ol saňa başga erkeklerden çaga dogrup berer. Çünki bu ýurt Rebden daşlaşyp, bütinleý zyna edýär» diydi.
Gomer ýene-de göwreli bolup, gyz dogurdy. Reb Hoşeýa aýtdy: «Gyzyň adyna Loruhama dak, çünki mundan buýana Ysraýyl öýüne rehim edip günälerini geçmerin.
Rebbiň perişdesi: «Eý, Hökmürowan Reb, Sen ýetmiş ýyllap Iýerusalim bilen Ýahuda gahar etdiň, ýene-de näçe wagtlap olaryň şäherlerinden Öz rähmetiňi gaýgyrjak?» diýdi.
Siz Ybraýymyň däl-de, öz ataňyzyň işlerini edýärsiňiz» diýdi. Olar Oňa: «Biz zynadan doglan däl, biziň ýeke-täk bir Atamyz bar, Ol Hudaýyň Özüdir» diýdiler.
Hudaýyň mähribanlygy we berkligi barada oýlanyň. Ol ýykylanlar üçin berkdir, siziň üçin bolsa mähremdir. Eger siz Onuň mähribanlygyna bil baglasaňyz, Ol hem size mährem bolar. Eger bil baglamasaňyz, siz hem kesilip taşlanarsyňyz.