Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Hoşeýa 2:3 - Mukaddes Kitap

3 Aýyrmasa Men ony edil doglan wagtyndaky ýaly çuw-ýalaňaç ederin. Ony boş çöle, gury topraga öwrerin. Teşnelikden öldürerin.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Айырмаса Мен оны эдил доглан вагтындакы ялы чув-ялаңач эдерин. Оны бош чөле, гуры топрага өврерин. Тешнеликден өлдүрерин.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Hoşeýa 2:3
27 Iomraidhean Croise  

Emma halk gaty suwsapdy. Olar Musa igenip, oňa şeýle diýdiler: «Näme üçin sen bizi Müsürden alyp gaýtdyň? Bizi, çagalarymyzy we mal-garalarymyzy suwsuzlykdan öldürmek üçin getirdiňmi?»


Ýurt ýas tutup, ruhdan düşýär, Liwan utançdan saralyp-solýar, Şaron Araba çöli kimindir; Başan we Karmel ýapraklaryny dökýär.


Ýalaňaçlygyň aýan bolar, aýbyň açylar. Öç alaryn Men, hiç kimi aýamaryn».


Mukaddes şäherleriň çöl boldy, Sion düzlüge, Iýerusalim haraba öwrüldi.


Köp çopanlar üzüm bagymy weýran etdiler, ekin meýdanymy depeläp tozdurdylar, ajaýyp mellegimi takyr çöle öwürdiler.


Eger içiňden: „Näme üçin bu zatlar meniň başyma düşdükä?“ diýýän bolsaň, bu etmişleriňiň köplügi sebäpli etegiň açyldy we namysyňa degildi.


Men-de uýat ýeriň açylsyn diýip, etegiňi ýüzüňe çenli galdyraryn.


Han-begleri hyzmatkärlerini suw getirmäge iberýärler. Olar guýa gelip, suw tapmaýarlar, yzlaryna boş küýzeli dolanýarlar. Olar aljyraňňylyga düşüp, utanç içinde başlaryny büreýärler.


Ol çöldäki bir çaly ýalydyr, ýagşylyk gelende ony görmez. Gurak çölde, ilatsyz şorlukda ýaşar.


Eý, bu döwrüň nesilleri, Rebbiň sözüne gulak goýuň. Men Ysraýyl üçin bir çöllük, boldummy tüm garaňky ýurt? Neçün diýýär halkym: ‘Biz erkin, barmarys ýanyňa gaýdyp’?


Olar: ‘Bizi Müsürden çykaran, çölde, çukurlykda hem çolalykda, gurak hem tüm garaňkylykda, hiç kimiň aýak basmadyk, hiç kimiň ýaşamadyk ýerinde bize ýol görkezen Reb nirede?’ diýip soramadylar.


Çünki Ýahuda patyşasynyň köşgi barada Reb şeýle diýýär: „Sen gözüme gözel Gilgat tokaýy deý, Liwan agaçlaryna bürenen dag deý bolsaň-da, Men seni hökman çöllüge, ilatsyz şähere öwrerin.


Seretdim, ine, Rebbiň huzuryndan, Onuň lowlaýan gazabyndan ýaňa hasylly toprak çöle dönüpdir, ähli şäherler weýran bolupdyr.


Onuň şäherleri weýran boldy, ýurdy hiç kim ýaşamaýan, hiç bir ynsan geçmeýän gurak bir çöle döndi.


Olaryň ýurdy Ysraýyl Mukaddesine garşy günälerden doly bolsa-da, özleriniň Hudaýy Hökmürowan Reb Ysraýyl bilen Ýahudany terk etmedi.


Ähli nejis işleriňde, zynagärligiňde ýaşlyk günleriňi, alaň-açyk we ýalaňaç bolup, ganyňa bulaşan wagtyňy ýatlamadyň“».


Ol indi çölde, gurak we suwsuz ýurtda ekildi.


Efraýym doganlarynyň arasynda barly-barjamly bolsa-da, Gündogardan epgek, çölden Rebbiň ýeli öwser. Onuň çeşmesi kesiler, guýusy gurap galar. Hazynasyndan şaý-sepleri talanar».


Indi oýnaşlarynyň öňünde aýybyny açaryn, hiç kim ony Meniň elimden halas etmez.


Seniň gören on şahyň we jandar bu aýaly ýigrenerler. Olar ony tozduryp, ýalaňaçlarlar; onuň etini iýip, ony otlarlar.


Ol özüniň örän suwsaýandygyny duýdy we Rebbe ýüzlenip: «Sen Öz guluňa beýik ýeňiş berdiň; indi bolsa men suwsuzlykdan ölüp, sünnetsiz piliştlileriň eline düşmelimi?» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan