Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Hoşeýa 2:1 - Mukaddes Kitap

1 «Siz doganyňyzy: „Meniň halkym“, aýal doganlaryňyzy: „Rehim edilenler“ diýip çagyryň».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 «Сиз доганыңызы: „Мениң халкым“, аял доганларыңызы: „Рехим эдиленлер“ дийип чагырың».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Hoşeýa 2:1
17 Iomraidhean Croise  

Men hakykatdanam seni ýalkap, seniň nesliňi asman ýyldyzlarydyr deňiz ýakasynyň çägeleri deý köpelderin. Seniň nesliň öz duşmanlaryndan üstün çykar.


Reb şuny aýdýandyr: «Ine, ol günlerden soň, Meniň ysraýyl halky bilen baglaşjak ähtim şudur: Men kanunymy olaryň aňyna salyp, ýüreklerine ýazaryn. Men olaryň Hudaýy bolaryn, olar-da Meniň halkym bolar.


Olar Meniň halkym bolar, Men-de olaryň Hudaýy bolaryn.


Olaryň ýurdy Ysraýyl Mukaddesine garşy günälerden doly bolsa-da, özleriniň Hudaýy Hökmürowan Reb Ysraýyl bilen Ýahudany terk etmedi.


Şonda olar parzlarymy berjaý edip, hökümlerimi saklap, olary doly berjaý ederler. Şeýle hem olar-a Meniň halkym, Menem olaryň Hudaýy bolaryn.


Men ýurduňyzdaky ynsanlaryň we haýwanlaryň sanyny köpelderin. Olar örňäp köpelerler. Ozalkyňyz ýaly ýurduňyzy adamlardan dolduraryn we size öňküden-de artyk ýagşylyk ederin; onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.


Ata-babalaryňyza beren ýurdumda mesgen tutarsyňyz. Siz Meniň halkym bolarsyňyz, Men-de siziň Hudaýyňyz bolaryn.


Men olaryň arasynda mekan tutaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolarlar.


«Gyjalat beriň ejeňize, gyjalat, çünki ol Meniň aýalym däl; Men hem onuň äri däl; goý, ýüzünden görünýän zynahorlygy, teninden azgynlygy aýyrsyn.


Halkymy toprakda Özüm üçin ekerin. „Rehim etmedige“ rehim ederin. „Halkym bolmadyga“ sen Meniň halkym diýerin. Ol bolsa „Sen meniň Hudaýymsyň“ diýer».


Şol galan üçden birini otdan geçirerin, olary kümüş kimin saplaryn, altynyň barlanyşy ýaly synaryn. Olar Maňa dileg ederler, Men olara jogap bererin, «Bu – Meniň halkym» diýerin; Olar-da: «Reb – biziň Hudaýymyz» diýerler.


Hudaý merhemet edip, bize bu hyzmaty ynandy. Şonuň üçin-de, ruhdan düşmeýäris.


Men ozallar Isa Mesihe dil ýetirip, azar berip, zalymlyk baryny edipdim. Ýöne men bularyň baryny bilmezlikden we imansyzlykdan edenim üçin, maňa rehim edildi.


Birwagtlar siz halk däldiňiz, emma indi Hudaýyň halkysyňyz. Öňler siz Onuň rehim-şepagatyndan mahrumdyňyz, indi bolsa oňa gowşansyňyz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan