Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Hoşeýa 13:2 - Mukaddes Kitap

2 Indi günä üstüne günä edýärler. Kümüşden özlerine butlar edinýärler. Butlar ussatlyk bilen ýasalýar. Hemmesi ussanyň işidir. Adamlara: «Gurbanlyk etsinler! Göleleri öpsünler» diýýärler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Инди гүнә үстүне гүнә эдйәрлер. Күмүшден өзлерине бутлар эдинйәрлер. Бутлар уссатлык билен ясаляр. Хеммеси уссаның ишидир. Адамлара: «Гурбанлык этсинлер! Гөлелери өпсүнлер» диййәрлер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Hoşeýa 13:2
33 Iomraidhean Croise  

Men Ysraýylda Bagal butuna sežde etmedik, ony öpmedik ýedi müň adamy aman galdyraryn».


«Ýesirleri bu ýere getirmäň. Bu biziň günälerimizi we ýazyklarymyzy artdyryp, Rebbe garşy günä etdigimiz bolar. Biziň ýazygymyz eýýäm juda çökderdir. Rebbiň gazaby Ysraýyla garşy lowlaýandyr» diýdiler.


Kakasy Manaşanyň özüni Rebbiň öňünde peseldişi ýaly, Amon özüni Rebbiň öňünde peseltmän, gaýtam köpden-köp günä etdi.


Ogly öpüň, ýogsa ol gazaba müner, siz hem heläk bolarsyňyz öz ýoluňyzda, çünki tiz tutaşýar onuň gazaby. Ony pena edinýänleriň ählisi bagtly.


Näme üçin ýene-de jeza gözleýärsiňiz? Näme üçin başbozarlygyňyzy bes etmeýärsiňiz? Başyňyz bütinleý ýaralanan, ýüregiňiz durşuna solup-saralan.


«Pitneçi halkyň dat gününe! Olar Meniňkini däl-de, öz niýetlerini berjaý edýärler; Menden soraşman ylalaşyk baglaşyp, günä üstüne günä goşýarlar. Muny Reb aýdýandyr.


Ine, onuň ähli ýoldaşlary utandyrylar, hünärmentleriň özleri adamlardyr. Ählisi ýygnanyşyp, ählisi bile dursunlar; dowla düşer olar, utanja galar.


Eý, milletlerden gaçyp gutulanlar, toplanyň, bir ýere toplanyň, birek-birege ýakynlaşyň! Agaç butlary göterip gezýänler, halas edip bilmeýän hudaýdan dileg edýänleriň bilýän zady ýokdur.


Altyny torbadan guýýanlar, kümşi terezide çekýänler bir zergäri hakyna tutýarlar, ol-da olardan bir hudaý ýasaýar; olar ýere ýüzin düşüp, oňa sežde edýärler.


Eý, günäkärler, unutmaň muny, mert boluň, çykarmaň ýatdan.


Ony altyn-kümüş bilen bezäp, gymyldamaz ýaly, çekiç bilen çüýläp berkidýärler.


Olaryň bary akmak hem akylsyzdyr. Biderek butlardan tälim alýarlar, olar guran agaçdan ýasalandyr!


Näme üçin bu halk ýoldan çykdy? Iýerusalim dyngysyz dönüklik edýär. Olar ýalana berk ýapyşyp, yza dolanmakdan boýun towlaýar.


Ysraýyl bir gür şahaly üzüm agajydy, bol-bol miwe getirdi. Miwesi artdygyça, şonça köp gurbanlyk sypasyny gurdy. Topragy bereketli boldugyça, dikme daşlaryny bezedi.


Samariýada ýaşaýanlar Beýtaweniň gölesi üçin gorkýarlar. Ilaty onuň üçin ýas tutar. Onuň şöhraty bilen joşan butparaz ruhanylar aglaýarlar. Çünki şöhraty ondan gitdi.


Olar çagyryldygyça, Menden şonça uzaklaşdylar. Bagal butuna gurbanlyk berdiler, butlara ýakymly ysly tütetgi ýakdylar.


Galalarynda gylyç ýalawlanyp, derweze gözeneklerini gyrar, olary niýeti-pälleri sebäpli ýok eder.


Şu dileg bilen Rebbe dolanyň. «Bar etmişlerimizi geç. Ýagşy dileglerimizi kabul et. Öküz gurbanlygyna derek alkyş gurbanlygyny hödür ederis.


Ýöne ol bilmedi, gallany, täze şeraby, täzeje ýagy beren, Bagal butuna harçlan altynyny, kümşüni bol eden Men.


Efraýym butlara ýapyşdy. Ony goý!


Menden soraşman, özlerine patyşalar bellediler. Menden soragsyz serdarlary seçdiler. Kümüşden, altyndan özlerine weýrançylyk getirýän butlar ýasadylar.


Eý, Samariýa, Men seniň göle butuňy bütinleý ret etdim. Meniň gazabym olaryň garşysyna alawlady. Haçana çenli olar päk bolup biljek däl?


Çünki bu but Ysraýylyň işidir. Ony ussa ýasady. Ol Hudaý däldir. Samariýanyň gölesi bölek-bölek bolar.


Ine, indi bolsa siz – günäkärleriň nesli, öz atalaryňyzyň ornuna geçip, Ysraýylyň garşysyna Rebbiň gahar-gazap oduny has-da tutaşdyrdyňyz!


Şonda Hudaý oňa näme jogap berdi? Hudaý: «Men Ysraýylda Bagal butuna sežde etmedik ýedi müň adamy Özüme aýryp goýdum» diýdi.


Ýöne sen boýnuýogynlyk edip, günäleriňe toba etmän, başyňdan injek gazaby toplaýarsyň. Bu jeza Hudaýyň adyl höküminiň aýan boljak gününde berler.


Pisler we kezzaplar bolsa aldap, aldanyp, öz pisliklerinde barha ilerlärler.


Soňra Şamuwel ýagly küýzäni alyp, ýagy Şawulyň kellesinden guýdy-da, ony ogşap, şeýle diýdi: «Öz saýlan halkyna hökümdar bolmagyň üçin, Reb seni belledi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan