Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Hoşeýa 12:3 - Mukaddes Kitap

3 Ene garnyndaka, Ýakup öz doganynyň ökjesinden tutdy. Ýetişen çagynda Reb bilen göreşdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Эне гарнындака, Якуп өз доганының өкҗесинден тутды. Етишен чагында Реб билен гөрешди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Hoşeýa 12:3
14 Iomraidhean Croise  

Soňra onuň ökjesinden ýapyşyp, ekiz taýy dünýä indi. Şonuň üçinem onuň adyna Ýakup dakdylar. Çagalar doglanda, Yshak altmyş ýaşyndady.


Reb Ysraýyla garşy gahardan ýaňa lowlap, olary ret etdi. Ýahuda tiresinden başga ýekeje adam-da galmady.


Reb bütin Ysraýyl nesillerinden ýüz dönderdi. Ol olary jezalandyryp, talaňçylaryň eline berdi. Şeýdip, Reb olaryň baryny Öz huzuryndan ýok etdi.


Şonuň üçin hem Men ýene bir gezek sizi ýazgarýaryn. Muny Reb aýdýandyr. Men siziň çagalaryňyzyň çagalaryny hem ýazgarýaryn.


Ine, siziň soňuňyz geldi! Men siziň üstüňizden gazabymy indererin. Öz tutan ýollaryňyza laýyklykda üstüňizden höküm çykararyn, ähli nejis işleriňizi öz başyňyza getirerin.


Indi Men gazabymy basym üstüňize dökerin, size bolan gaharymy tamamlaryn. Öz tutan ýollaryňyza laýyklykda höküm çykararyn, ähli nejis işleriňizi öz başyňyza getirerin.


«Eý, ysraýyl halky, Rebbiň sözüni eşit, çünki bu ýurtda ýaşaýanlar bilen Rebbiň dawasy bar. Sebäbi ýurtda wepalylyk-da, söýgi-de, Hudaýy tanamaklyk-da ýok.


Halka nähili bolan bolsa, ruhanylara-da şeýle bolar. Men olaryň tutan ýollary üçin jeza bererin. Eden işleriniň öwezini gaýtararyn.


Reb şeýle diýýär: «Men Ýahudany günä üstüne günä edendigi üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki Rebbiň kanunyny ret etdiler, Onuň parzlaryny tutmadylar, ata-babalarynyň ýalan hudaýlaryň yzyna eýerişi ýaly indi bular-da olar bilen azdylar.


Eý, daglar, ýer ýüzüniň sarsmaz binýatlary, Rebbiň dawasyna gulak asyň! Çünki Rebbiň Öz halky bilen dawasy bar, Ol Ysraýyl bilen haklaşar.


Ýöne ekizler heniz dogulmanka, heniz ýamanlyk ýa ýagşylyk etmänkä, Hudaý Rebeka «Ulusy kiçisine gul bolar» diýip aýdypdy. Bu sözler saýlanyp-seçilmäniň ynsan işlerine däl-de, diňe Çagyrana baglydygyny mälim etmek üçin aýdylypdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan