Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Hoşeýa 11:3 - Mukaddes Kitap

3 Efraýyma ýöremegi Men öwretdim, golumda göterdim olary. Meniň aladamy olar bilmediler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Эфрайыма йөремеги Мен өвретдим, голумда гөтердим олары. Мениң аладамы олар билмедилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Hoşeýa 11:3
20 Iomraidhean Croise  

Reb şeýle diýdi: «Eger-de siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüne dykgat bilen gulak goýup, Onuň nazarynda dogry hasap edýän işlerini etseňiz, Onuň buýruklaryna boýun bolup, buýran ähli parzlaryny ýerine ýetirseňiz, onda Men müsürlileriň başyndan inderen apatlarymyň hiç birini siziň başyňyza salmaryn. Çünki Men size şypa berýän Rebdirin».


„Müsürlilere näme edendigimi siz gördüňiz, bürgüdiň öz çagasyny ganatynda göterip gelşi ýaly, Men hem sizi ýanyma şeýdip alyp geldim.


Siz öz Hudaýyňyz Rebbe gulluk ediň, şeýtseňiz, Men siziň nanyňyza, suwuňyza bereket bererin. Siziň araňyzdan keselçiligi aýraryn.


Eý, gök, eşit, eý, ýer, gulak goý! Reb şeýle diýýär: «Men çagalary ekledim, ulaltdym, emma olar garşyma baş göterdiler.


Rebbiň Öz halkynyň ýaralaryny sarap, Öz ýetiren şikesine şypa beren güni, Aýyň nury Günüň nury dek, Günüň nury ýedi Günüň nury dek, ýedi esse artyk bolar.


Eý, Ýakubyň nesli, Ysraýyl nesliniň aman galanlary! Göwrede galanyňyz bäri etdim aladaňyzy, doglanyňyz bäri elimde göterdim.


Olar azap çekende, gynandy Ol. Huzuryndan gelen perişde olary halas etdi; söýgüsi we rehimi bilen azat etdi olary; owaldan olary elinde göterip geldi.


Saňa „Taşlanan“ diýen ady dakyp: „Bu Sion, halyny soraýan ýok“ diýdiler. Emma Men seni ýene-de sagaldaryn, ýaralaryňa şypa bererin». Muny Reb aýdýandyr.


Gilgatda melhem ýokmudyr? Ol ýerde tebip ýokmudyr? Onda näme üçin biçäre halkymyň ýarasyna em edilmeýär?


Aşur bizi halas edip bilmez. Söweşe atlanmarys. Indi el bilen ýasan işimize „hudaýymyz“ diýmeris. Çünki ýetim Senden merhemet tapýar».


Ýöne ol bilmedi, gallany, täze şeraby, täzeje ýagy beren, Bagal butuna harçlan altynyny, kümşüni bol eden Men.


«Men Ysraýyla em etjek bolsam, Efraýymyň günäleri, Samariýanyň pislikleri aýan bolar. Çünki olar hile gurýarlar. Öýlere ogry girýär, köçede talaňçylyk edýärler.


Men olara nesihat berdim. Ellerine güýç-kuwwat berdim. Ýöne olar Maňa garşy ýamanlyk niýetlediler.


Kyrk ýylyň dowamynda Hudaý olaryň çöldäki etmişlerine çydady.


Çölde ýol boýy ýöriş edip, şu ýere gelip ýetýänçäňiz, edil enäniň öz çagasyny elinde göterip gelşi ýaly, Hudaýyňyz Rebbiň sizi nähili gorap getirendigini özüňiz gördüňiz.


Penakäriň gadymdan bar bolan ebedi Hudaýdyr! Seni hemişe gollarynda göterer, garşyňdan duşmanlaryňy kowar, olary saňa ýok etmegi buýrar.


Hudaýyňyz Rebbiň kyrk ýyllap şu çölden sizi alyp gelen uzak ýoluny unutmaň. Ol siziň ýüregiňizde näme bardygyny, Onuň buýruklaryny ýerine ýetirýändigiňizi ýa-da ýerine ýetirmeýändigiňizi bilmek üçin, sizi Özüne boýun egdirip synaga saldy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan