Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Hoşeýa 11:2 - Mukaddes Kitap

2 Olar çagyryldygyça, Menden şonça uzaklaşdylar. Bagal butuna gurbanlyk berdiler, butlara ýakymly ysly tütetgi ýakdylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Олар чагырылдыгыча, Менден шонча узаклашдылар. Багал бутуна гурбанлык бердилер, бутлара якымлы ыслы түтетги якдылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Hoşeýa 11:2
28 Iomraidhean Croise  

Ýarobgam öz saýlan aýy bolan sekizinji aýyň on bäşine Beýtelde diken gurbanlyk sypasynyň ýanyna gitdi. Ol ysraýyl halky üçin baýram edip, ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin gurbanlyk sypanyň ýanyna geldi.


Şonuň üçin hem sen häzir bütin ysraýyllary, Izebeliň goldaýan dört ýüz elli Bagal butunyň pygamberlerini we dört ýüz Aşera butunyň pygamberlerini Karmel dagyna, meniň ýanyma ýygna».


Sen ençeme ýyllap, olar bilen sabyrly bolduň. Pygamberleriň arkaly, Öz Ruhuň bilen olara duýdurdyň. Emma şonda-da olar gulak asmadylar. Şonuň üçin hem Sen olary ýurtlaryň halklarynyň eline berdiň.


Siziň ýazyklaryňyzyň, daglarda ýakymly ysly tütetgi ýakyp, depelerde Meni äsgermezlik eden atalaryňyzyň ýazyklarynyň almytyny bererin. Öňki eden işlerini ölçäp, olary başlaryna getirerin» diýýär Reb.


Emma halkym bolsa Meni terk etdi, biderek hudaýlara tütetgi ýakdy. Bu hudaýlar olaryň gitjek ýollarynda, owalky ýollarda büdremeklerine sebäp boldular. Olar çarkandakly ýoldan ýöräp, dogry ýoly terk etdiler.


Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diýdi: «Git-de, ýahuda halky bilen Iýerusalimiň ilatyna şeýle diý: „Siz Meniň sözlerimi diňläp, hiç bir sapak aljak dälmisiňiz? Muny Reb aýdýandyr.


Emma olar diňlemediler, gulak asmadylar, başga hudaýlara tütetgi ýakdylar, erbetliklerinden hiç dönmediler.


Menden dänmek pikiri halkymyň ýüregine kök urdy. Beýik Hudaýy çagyrsalar-da, olara hiç medet bermez.


Bagal butuna tütetgi ýakan günleri üçin, ony jezalandyraryn. Şol wagt özüni halkadyr ýüzükler bilen bezäp, oýnaşynyň yzyndan kowalady. Meni bolsa unutdy». Muny Reb aýdýandyr.


Dagyň depesinde gurbanlyk kesýärler, baýyrlarda bolsa sadaka berýärler. Dub, derek hem dagdan agaçlarynyň aşagynda sadaka edýärler. Çünki olaryň kölegesi goýy. Şonuň üçin gyzlaryňyz azgynlyk, gelinleriňiz bolsa zyna edýärler.


Efraýym butlara ýapyşdy. Ony goý!


Ata-babalaryňyz ýaly bolmaň. Öňki pygamberler olara ýüzlenip, şuny jar etdiler: Hökmürowan Reb ýaman ýollaryňyzdan, pis işleriňizden el çekiň diýýär. Ýöne olar muny diňlemediler, Maňa gulak asmadylar. Muny Men – Reb aýdýandyryn.


Ýöne Meniň halkym boýnuýogynlyk edip, bu sözlere gulak asmadylar, eşitmejek bolup gulaklaryny dykdylar.


Eý, Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne ýollananlary daşlaýan Iýerusalim! Towugyň öz jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem ençeme gezek seniň çagalaryňy ýygnajak boldum, emma siz muny islemediňiz!


Höküm, ine, şeýle subutnama esaslanýar: dünýä Nur geldi, emma adamlar garaňkylygy Nurdan has gowy gördüler, sebäbi olaryň işleri ýamanlykdy.


Eý, boýnuýogynlar, diňlemek islemeýän tekepbirler! Siz hem edil ata-babalaryňyz ýaly, Mukaddes Ruha hemişe garşy çykýarsyňyz.


Ysraýyllar ýene Rebbiň ýigrenýän işlerini edip başladylar. Ysraýyllar Bagal bilen Aştoret butlaryna hem-de Siriýanyň, Sidonyň, Mowabyň, Ammonyň, piliştlileriň hudaýlaryna gulluk edip başladylar. Olar Rebbi terk edip, Oňa gulluk etmediler.


Olar Rebbi terk edip, Bagal hem-de Aştoret butlaryna gulluk etdiler.


Ysraýyllar Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiler, özleriniň Hudaýy Rebbi unudyp, Bagal hem-de Aşera butlaryna gulluk etdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan