Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Hoşeýa 11:12 - Mukaddes Kitap

12 Efraýym ýalançylyk, Ysraýyl hile-mekirlik bilen daşymy gurşady. Ýahuda bolsa heniz Hudaý bilen ýöreýär. Mukaddes Bolana sadyk bolýar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

12 Эфрайым яланчылык, Ысрайыл хиле-мекирлик билен дашымы гуршады. Яхуда болса хениз Худай билен йөрейәр. Мукаддес Болана садык боляр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Hoşeýa 11:12
20 Iomraidhean Croise  

Birinji derýanyň ady Pişondyr; ol derýa altyna baý bolan bütin Hawyla ýurdunyň içinden akyp geçýär. Ol ýerde sap altyn, bdolah hem-de hakyk diýen gymmatbaha daşlar bar.


Ol adam Ýakuba: «Indi seniň adyň Ýakup däl-de, Ysraýyl bolar, çünki sen Hudaý hem adamlar bilen göreş tutuşyp, olardan üstün çykdyň» diýdi.


Reb şeýle diýýär: «Bu halk Maňa ýakynlaşyp, dili, dodaklary bilen Meni hormatlaýar, ýöne ýürekleri Menden uzakdadyr. Ynsan buýruklaryna görä Maňa ybadat edýärler olar.


Küli hörek edinýärler aldanan kalplary azaşdyrýar olary, janlaryny halas edip bilmeýärler, «Sag elimdäki zat ýalan dälmi?» diýip bilmeýärler.


Siz etmiş ekip, adalatsyzlyk orduňyz. Ýalanyň miwesinden iýdiňiz. Çünki siz öz ýoluňyza hem söweşijileriň köplügine baýryndyňyz.


Efraýym ýel bilen naharlanýar. Uzakly gün gündogardan gelen ýeli kowalaýar. Ýalançylygy, zulumy artdyrýar. Aşur bilen şertnama baglaşyp, Müsüre zeýtun ýagyny gönderýär.


Efraýym täjirdir, elindäki galp terezisi bilen aldamagy söýýär.


Eý, Ysraýyl, sen zyna etseň-de, Ýahuda bir günäli bolmasyn. Siz Gilgala girmäň, Beýtawene bolsa barmaň. „Rebden ant içýärin“ diýip kasam etmäň.


Gargyş we ýalançylyk, ganhorlyk, ogurlyk we zyna. Jenaýatçylyk artýar we gan üstüne gan dökülýär.


Olar ýok zada ýüz tutýarlar. Olar ygtybarsyz ýaýa meňzeýärler. Olar zäherli dilinden, emeldarlary gylyçdan ýykylar. Munuň üçin Müsürde olaryň üstünden güljekler».


Olar pisligi bilen patyşasyny, ýalançylygy bilen emeldarlaryny şatlandyrýarlar.


Baýlary sütemden doly, halky-da ýalançy, agyzlaryndan ýalan sözler çykýar.


Siz Hudaýyň halkynyň bu dünýä kazylyk etjekdigini bilmeýärsiňizmi? Eger siz dünýä kazylyk etjek bolsaňyz, heý-de ownuk-uşak dawalary çözüp bilmersiňizmi?


Men ýamanlykdan üstün gelip, Atam bilen Onuň tagtynda oturyşym ýaly, ýeňijä-de Meniň bilen Öz tagtymda oturmaga ygtyýar bererin.


Sen olardan şalyk ýaratdyň, Hudaýymyza hyzmat etmek üçin olary ruhany bellediň, olar ýer ýüzünde şalyk sürerler!


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan