Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Hoşeýa 10:2 - Mukaddes Kitap

2 Olaryň ýüregi ýalançylykdan doldy. Ýazyklaryna görä jeza alarlar. Reb olaryň gurbanlyk sypalaryny dargatjak, dikme daşlaryny syndyrjak.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Оларың йүреги яланчылыкдан долды. Языкларына гөрә җеза аларлар. Реб оларың гурбанлык сыпаларыны даргатҗак, дикме дашларыны сындырҗак.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Hoşeýa 10:2
24 Iomraidhean Croise  

Ylýas bütin halka golaý gelip, şeýle diýdi: «Siz haçana çenli iki göwünli bolup, yraň atyp ýörjeksiňiz? Eger Reb Hudaý bolsa, onda Onuň yzyna eýeriň, eger-de Bagal hudaý bolýan bolsa, onda onuň yzyna eýeriň». Halk oňa hiç hili jogap gaýtarmady.


Siz olaryň hudaýlaryna tagzym etmäň we olara gulluk etmäň. Olaryň dini adatlaryna uýmaň, gaýtam, olaryň butlaryny döwüp, dikme daşlaryny kül-peýekun ediň.


Erbediň gazanjy galplykdyr, dogrulyk ekýän hökman hakyny alar.


Olar hiç zat bilmeýärler, düşünmeýärler, çünki görmesinler diýip gözleri, düşünmesinler diýip ýürekleri baglandy.


Ol Müsürdäki Gün hudaýynyň buthanasynyň dikme daşlaryny ýykar we Müsür hudaýlarynyň ähli buthanalaryny oda berer“».


Şeýdip, butlary zerarly Maňa keseki bolan bütin ysraýyl halkynyň ýüregini täzeden Özüme tarap öwrerin“».


Gilgatda etmiş bar, olaryň halky nämynasyp. Gilgalda öküzleri gurbanlyk etdiler. Şol sebäpli olaryň gurbanlyk sypasy sürlen meýdandaky daş üýşmegi ýaly bolar.


Çünki ysraýyllar uzak wagtlap patyşasyz, hökümdarsyz, gurbanlyksyz, dikme daşsyz, efotsyz, butsuz ýaşarlar. Şondan soň ysraýyllar dolanyp, öz Hudaýy Rebbi hem patyşasy Dawudy gözlärler. Ahyrky günlerde bolsa olar Rebden gorkup, Hudaýyň ýalkawyna dolanarlar.


Efraýym başga halklar bilen garyşýar. Efraýym bir ýüzi bişmedik petir ýalydyr.


Siziň seždegähleriňizi ýykyp, ýakymly ysly tütetgi ýakýan sypalaryňyzy weýran ederin. Siziň maslyklaryňyzy ýykylan butlaryňyzyň maslyklarynyň üstüne üýşürerin. Men sizi ret ederin.


Butlaryňyzy, dikme daşlaryňyzy ýok ederin, indi siz öz eliňiziň işine sežde etmersiňiz.


Tamyň üçeginde asman jisimlerine sežde edýänleri, Rebbe sežde edip, Ondan ant içýänleri, Molek butundan ant içýänleri,


Şol gün Men ýurtdan butlaryň atlaryny öçürip taşlaryn. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Mundan beýläk olar ýatlanylmaz. Ýalan pygamberleri-de, erbet ruhy-da ýurtdan çykararyn.


Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip bilmez. Ol ýa birini ýigrenip, beýlekisini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýa, hem baýlyga hyzmat edip bilmersiňiz.


Hiç bir hyzmatkär iki hojaýyna hyzmat edip bilmez. Ol ýa birini ýigrenip, beýlekisini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýa, hem baýlyga hyzmat edip bilmersiňiz».


Ol her bir edýän işinde durnuksyz hem ikigöwünlidir.


Eý, biwepalar, dünýä bilen dostluk Hudaýa duşman bolýandygyny bilmeýärsiňizmi? Kim dünýä bilen dostlaşsa, Hudaýa duşman bolýandyr.


Dünýä we ondaky zatlara köňül bermäň. Dünýäni söýýän adamda Atanyň söýgüsi ýokdur.


Olar ertesi irden turup görseler, Dagon buty ýene Rebbiň sandygynyň öňünde ýüzin düşüp ýatan eken. Bu sapar Dagonyň kellesi hem-de iki eli döwlüp, bosagada ýatyrdy, onuň diňe göwresi abat galypdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan