Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Hoşeýa 1:7 - Mukaddes Kitap

7 Ýahuda öýüne welin rehim ederin. Men olary ýaý, gylyç, uruş, atlar ýa atlylaryň üsti bilen däl-de, özleriniň Hudaýy Rebbiň güýji bilen halas ederin».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Яхуда өйүне велин рехим эдерин. Мен олары яй, гылыч, уруш, атлар я атлыларың үсти билен дәл-де, өзлериниң Худайы Реббиң гүйҗи билен халас эдерин».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Hoşeýa 1:7
26 Iomraidhean Croise  

Işaýa pygamber Hizkiýa şeýle diýdi: «Seniň üçin alamat şudur: „Şu ýyl we geljek ýyl siz özi biten zady iýersiňiz, üçünji ýyl bolsa özüňiz ekip, hasylyny orup alyň we üzüm baglaryny oturdyň-da, şolaryň miwelerini iýiň.


Men bu şäheri Özümiň hem-de gulum Dawudyň hatyrasy üçin gorap, ony halas ederin».


Edil şol gije Rebbiň perişdesi gidip, aşurlylaryň düşelgesinde ýüz segsen bäş müň adamy öldürdi. Ertesi daňdan turup görseler, ol ýeri jesetden doly eken!


Siriýalylar Elýaşanyň üstüne hüjüm edenlerinde, ol Rebbe dileg edip: «Bu halkyň gözlerini kör et» diýdi. Reb Elýaşanyň dileg edişi ýaly olaryň gözlerini kör etdi.


Dogry adamlarda Rebbiň gözleri, perýatlaryna açyk Onuň gulagy.


Eý, patyşa, Hudaýyň saňa beren şalygy, dowam eder baky, ebedi, Seniň şalyk hasaň – adalatlylyk hasasy.


Musa ysraýyllara: «Gorkmaň! Berk duruň we Rebbiň bu gün siziň üçin amala aşyrjak gutulyşyny görüň. Çünki siz bu günki görýän müsürlileriňizi gaýdyp hiç haçan görmersiňiz.


Şeýlelikde, Reb şol gün ysraýyllary müsürlileriň elinden halas etdi. Ysraýyllar deňziň kenarynda ölüp ýatan müsürlileri gördüler.


Elbetde, Hudaý Halasgärimdir, Oňa bil baglaryn, gorkmaryn men, çünki Reb ýeke-täk güýjümdir, aýdymymdyr, Ol meniň Halasgärim boldy».


Reb size merhemet etjek bolup garaşýar, ýokarda size rehim etmäge häzir, çünki Reb adalat Hudaýydyr; Oňa intizarlar nähili bagtly!


Ol: «Ýakubyň tirelerini täzeden dikeltmek üçin, ysraýylyň goralyp saklananlaryny yzyna getirmek üçin bendäm bolmagyň ýeterlik däldir, seni milletlere nur ederin, seniň üstüň bilen ýeriň aňry çägine çenli halas ederin» diýýär.


Munuň üçin Rebbiň Özi size bir alamat berer. Ine, gyz göwreli bolup, ogul dograr. Onuň adyna Imanuwel dakar.


Olar size şeýle diýdiler: „Indi her biriňiz öz ýaman ýoluňyzdan, pis işleriňizden dönüp, Men-Rebbiň owal-başdan özüňize we ata-babalaryňyza ebedilik beren ýurdumda mesgen tutuň.


Başga hudaýlara gulluk we sežde etjek bolup, olaryň yzyna düşmäň. Elleriňiziň işi bilen Meniň gaharymy getirmäň, Men-de size zyýan ýetirmäýin“.


Hut şunuň ýaly, Ýakubyň nesli bilen gulum Dawudyň neslini-de ret etmedim. Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň nesliniň üstünden Dawudyň ogullaryndan birini hökümdarlyk etmek üçin saýladym. Çünki Men olaryň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin we olara rehimdarlyk ederin“».


Gomer Loruhamany süýtden aýransoň, göwreli bolup, ogul dogurdy.


Efraýym ýalançylyk, Ysraýyl hile-mekirlik bilen daşymy gurşady. Ýahuda bolsa heniz Hudaý bilen ýöreýär. Mukaddes Bolana sadyk bolýar.


Ol maňa şeýle diýdi: «Bu Rebbiň Zerubabyla: „Güýç we zorluk bilen däl-de, diňe Meniň Ruhum bilen iş bitirersiň“ diýen sözi. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Şu ähli halk Rebbiň gylyçdyr naýzaly halas etmeýändigini biler, çünki söweş Rebbiňkidir. Ol sizi biziň elimize berer».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan