Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Hoşeýa 1:6 - Mukaddes Kitap

6 Gomer ýene-de göwreli bolup, gyz dogurdy. Reb Hoşeýa aýtdy: «Gyzyň adyna Loruhama dak, çünki mundan buýana Ysraýyl öýüne rehim edip günälerini geçmerin.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Гомер ене-де гөврели болуп, гыз догурды. Реб Хошея айтды: «Гызың адына Лорухама дак, чүнки мундан буяна Ысрайыл өйүне рехим эдип гүнәлерини гечмерин.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Hoşeýa 1:6
11 Iomraidhean Croise  

Reb bütin Ysraýyl nesillerinden ýüz dönderdi. Ol olary jezalandyryp, talaňçylaryň eline berdi. Şeýdip, Reb olaryň baryny Öz huzuryndan ýok etdi.


Hoşeýanyň şalygynyň dokuzynjy ýylynda Aşur patyşasy Samariýany basyp alyp, ysraýyllary Aşura ýesir edip äkitdi we olary Halada, Habor derýasynyň ýakasyndaky Gozanda we Madaý galalarynda ýerleşdirdi.


Pudaklary gurap döwler, aýallar gelip, olary ýakarlar. Bu halk düşünmeýän halkdyr; şonuň üçin Ýaradany olara rehim etmez, Döredijisi olara merhemet görkezmez».


Gomer Loruhamany süýtden aýransoň, göwreli bolup, ogul dogurdy.


Halkymy toprakda Özüm üçin ekerin. „Rehim etmedige“ rehim ederin. „Halkym bolmadyga“ sen Meniň halkym diýerin. Ol bolsa „Sen meniň Hudaýymsyň“ diýer».


Çagalaryna-da rehim etmerin, çünki olar zynadan doglan.


Onsoň Reb menden: «Amos, sen näme görýärsiň?» diýip sorady. Men: «Bir şugul görýärin» diýip jogap berdim. Onsoň Reb şeýle diýdi: «Ine, halkym Ysraýylyň ortasynda-da, Men bir şugul guralyny goýýaryn. Mundan beýläk olary bagyşlamaryn.


Birwagtlar siz halk däldiňiz, emma indi Hudaýyň halkysyňyz. Öňler siz Onuň rehim-şepagatyndan mahrumdyňyz, indi bolsa oňa gowşansyňyz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan