Ysraýyl patyşasy Pekanyň döwründe Aşur patyşasy Tiglatpileser gelip, Yýony, Abelbeýtmagakany, Ýanowany, Kedeşi, Hasory, Gilgady, Jeliläni we tutuş Naftaly ýurduny basyp alyp, olaryň halklaryny Aşura ýesir edip äkitdi.
Babylyň garşysyna heläkleýji çykdy, onuň batyr ýigitleri ele salyndy, ýaýlary bölek-bölek boldy, çünki Reb öç alýan Hudaýdyr; onuň etmişiniň almytyny berer.
Şol gün olar üçin meýdandaky haýwanlar, asmandaky guşlar, toprakda ýaşaýan süýrenijiler bilen äht edişerin. Ýurtdan ýaýy, gylyjy, söweş goşunlaryny ýok ederin. Aman ýaşadaryn olary.
Ýusubyň nesilleri oňa: «Bu daglyk meýdanlar biziň üçin ýeterlik däl. Düzlükde ýaşaýan ähli kenganlaryň, şeýle hem, Beýtşeýanda, onuň obalarynda we Ýizregel jülgesinde ýaşaýanlaryň demir söweş arabalary bar» diýdiler.