Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Hoşeýa 1:11 - Mukaddes Kitap

11 Ýahuda we Ysraýyl halklary ýaňadan birleşer, özlerine bir baş belläp, ýurtda güllärler. Çünki Ýizregeliň güni beýik bolar».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Яхуда ве Ысрайыл халклары яңадан бирлешер, өзлерине бир баш белләп, юртда гүлләрлер. Чүнки Йизрегелиң гүни бейик болар».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Hoşeýa 1:11
24 Iomraidhean Croise  

Onuň işi dabaradan, şöhratdan doly, Onuň dogrulygy dowam edýär ebedi.


Baştutany olaryň özünden bolar, hökümdary öz aralaryndan çykar. Men ony Özüme ýakynlaşdyraryn, ol hem Maňa ýakynlaşar. Men çagyrmasam, ýakynlaşmaga kim milt edip biler? Muny Reb aýdýandyr.


Çünki halkym Ysraýyl bilen Ýahudanyň öňki abadançylygyny dikeltjek günlerim ýetip gelýär. Muny Reb aýdýandyr. Men olary ata-babalaryna beren ýurduma gaýtaryp getirerin, olar hem ol ýeri eýelärler. Muny Reb aýdýandyr“».


Wah, bu nähili gorkunç gün, onuň ýaly gün başga ýokdur. Bu Ýakup üçin aladaly döwürdir, emma ol ondan ýene-de gutular».


Reb şuny aýdýandyr: «Ine, ol günlerden soň, Meniň ysraýyl halky bilen baglaşjak ähtim şudur: Men kanunymy olaryň aňyna salyp, ýüreklerine ýazaryn. Men olaryň Hudaýy bolaryn, olar-da Meniň halkym bolar.


„Men halkymy gahar-gazabym, otly gazabym bilen dargadan ýurtlarymdan ýygnaryn. Olary bu ýere yzlaryna getirerin we howpsuzlykda ýaşadaryn.


Ysraýyly ýene öz örüsine getirerin, ol Karmelde, Başanda otlap, Efraýym dagyndaky Gilgatda gerk-gäbe doýar.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Indi Men Ýakubyň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin, bütin ysraýyl halkyna rehim ederin we mukaddes adym sebäpli gabanjaň bolaryn.


«Siz doganyňyzy: „Meniň halkym“, aýal doganlaryňyzy: „Rehim edilenler“ diýip çagyryň».


Hawa, Hudaý ysraýyl halkyny ret etdi. Onuň şeýle etmegi beýleki milletleriň hem Hudaý bilen ýaraşmagyna mümkinçilik berdi. Eger Hudaýyň ret etmesi beýleki halklara şeýle ýalkanyş getiren bolsa, onda Onuň ysraýyl halkyny gaýtadan kabul etmegi nämä ýetirer? Ölümden ýaşaýşa ýetirer!


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan