Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Hoşeýa 1:10 - Mukaddes Kitap

10 Ysraýyl ogullary deňiz kenaryndaky çäge ýaly san-sajaksyz we möçbersiz köp bolar. Olara: „Siz Meniň halkym dälsiňiz“ diýlen ýerde, „siz diri Hudaýyň ogullarysyňyz“ diýler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Ысрайыл огуллары деңиз кенарындакы чәге ялы сан-саҗаксыз ве мөчберсиз көп болар. Олара: „Сиз Мениң халкым дәлсиңиз“ дийлен ерде, „сиз дири Худайың огулларысыңыз“ дийлер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Hoşeýa 1:10
26 Iomraidhean Croise  

Seniň nesliňi edil ýeriň çägeleri kimin san-sajaksyz ederin. Eger ýeriň çägeleri sanalyp bilinýän bolsa, onda seniň nesliň-de sanalyp bilner.


Men hakykatdanam seni ýalkap, seniň nesliňi asman ýyldyzlarydyr deňiz ýakasynyň çägeleri deý köpelderin. Seniň nesliň öz duşmanlaryndan üstün çykar.


Sen maňa: „Men saňa ýagşylyk ederin, seniň nesliňi deňiz ýakasyndaky san-sajaksyz çägeler deý köpelderin“ diýipdiň».


Hemişelik Öz halkym bolsun diýip, halkyň Ysraýyly Özüň üçin ebedi halk etdiň. Ýa Reb, Sen olaryň Hudaýy bolduň.


Demirgazyga: „Olary ber“, günorta: „Olary saklama“ diýerin; ogullarymy uzakdan, gyzlarymy ýeriň çetlerinden,


Perzentleriňiz çäge deý, nesilleriňiz çäge ownuklary deý bolardy; atlary huzurymdan aýrylmaz, ýok edilmez».


Atamyz Sensiň, Ybraýym bizi bilmese-de, Ysraýyl bizi tanamasa-da, ýa Reb, biziň Atamyzsyň Sen, owaldan bäri adyň «Penakärimizdir».


Şonda-da Atamyz Sensiň, ýa Reb, biz toýundyrys, Sen küýzegärimiz, Seniň eliňiň işidiris ählimiz.


Meni soramaýanlara Özümi aýan etdim, agtarmaýanlar tapdylar Meni. Adymy tutmaýan millete: «Ine, Men! Ine, Men!» diýdim.


Ysraýyl ogullarynyň galla sadakasyny halal gapda Rebbiň öýüne getirişleri ýaly, olar hem siziň doganlaryňyzyň baryny atlarda, söweş arabalarynda, at arabalarynda, gatyrlardyr düýelerde ähli milletleriň içinden toplap, Meniň mukaddes dagyma – Iýerusalime Rebbe peşgeş hökmünde getirerler.


Gulum Dawudyň neslini we Maňa hyzmat edýän lewileri san-sajaksyz asman jisimleri kimin, ölçäp bolmaýan deňziň çägesi kimin köpelderin“».


Patyşalygyma degişli ýerlerde ýaşaýan her bir adamyň Danyýeliň Hudaýyndan sandyrap gorkmagyny buýruk berýärin. Ol diri Hudaýdyr, Ol ebedi Hudaýdyr. Patyşalygy hiç haçan ýykylmazdyr, hökümdarlygy soňsuzdyr.


Reb Hoşeýa şeýle diýdi: «Adyna Logammy dak. Çünki siz-ä Meniň halkym däl, Menem siziň Hudaýyňyz däldirin.


Halkymy toprakda Özüm üçin ekerin. „Rehim etmedige“ rehim ederin. „Halkym bolmadyga“ sen Meniň halkym diýerin. Ol bolsa „Sen meniň Hudaýymsyň“ diýer».


Ol Özüni kabul edip, adyna iman edenleriň hemmesine Hudaýyň perzentleri bolmak hukugyny berdi.


Hudaýyň Öz perzentleriniň şöhratyny aýan etjek pursadyna bütin ýaradylyş hem sabyrsyzlyk bilen garaşýar.


«Men size Ata bolaryn siz hem Meniň ogul-gyzlarym bolarsyňyz». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Şeýlelikde, ýaşy birçene baran bu bir adamdan gökdäki ýyldyzlar deý we deňiz kenaryndaky çägeler deý san-sajaksyz nesil döredi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan