Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Hoşeýa 1:1 - Mukaddes Kitap

1 Ýahudada Uzyýanyň, Ýotamyň, Ahazyň hem Hizkiýanyň, Ysraýylda Ýehowaş ogly Ýarobgamyň patyşalyk eden döwründe, Beýeriniň ogly Hoşeýa Rebbiň sözi aýan boldy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Яхудада Узыяның, Ётамың, Ахазың хем Хизкияның, Ысрайылда Еховаш оглы Яробгамың патышалык эден дөврүнде, Беериниң оглы Хошея Реббиң сөзи аян болды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Hoşeýa 1:1
26 Iomraidhean Croise  

Şeýdip, Ýehowaş ata-babalaryna gowuşdy. Ol Samariýada Ysraýyl patyşalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Ýarobgam tagta çykdy.


Ýehowaş ata-babalaryna gowuşdy. Ol Samariýada Ysraýyl patyşalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Ýarobgam patyşa boldy.


Ýowaşyň ogly Ýahuda patyşasy Amazýanyň şalygynyň on bäşinji ýylynda Ýehowaşyň ogly Ysraýyl patyşasy Ýarobgam Samariýa patyşa bolup, kyrk bir ýyl şalyk sürdi.


Remalýanyň ogly Ysraýyl patyşasy Pekanyň şalygynyň ikinji ýylynda Uzyýanyň ogly Ýahuda patyşasy Ýotam patyşalyk edip başlady.


Reb oňa ýokançly deri keseli bilen ezýet berdi. Ol tä ölýänçä ýokançly deri keselinden ejir çekip, aýratyn ýerde ýaşady. Patyşanyň ogly Ýotam ýurtdaky halka baştutanlyk edip, köşgi dolandyrdy.


Uzyýa ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Ýotam patyşa boldy.


Ýotam patyşa bolanda ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on alty ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Ýeruşa Sadogyň gyzydy.


Ahaz patyşa bolanda ýigrimi ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on alty ýyl patyşalyk etdi. Ahaz atasy Dawut ýaly bolmady, ol öz Hudaýy Rebbiň nazarynda dogry işleri etmedi.


Mukaddes edilen mallaryň sany alty ýüz öküz we üç müň goýundan ybaratdy.


Ýahuda patyşalary Uzyýanyň, Ýotamyň, Ahazyň we Hizkiýanyň döwründe Amozyň ogly Işaýanyň Ýahuda we Iýerusalim babatda gören görnüşleri.


Resin Siriýanyň patyşasydy; Remalýanyň ogly Peka Ysraýylyň patyşasydy. Olar Iýerusalime garşy uruş etmäge çykdylar, ýöne oňa garşy söweş edip bilmediler. Şol döwürde Uzyýanyň agtygy, Ýotamyň ogly Ahaz Ýahudanyň patyşasydy.


Amon ogly Ýoşyýanyň Ýahudada patyşalygynyň on üçünji ýylynda Ýermeýa Rebbiň sözi aýan boldy.


Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:


babyllylaryň ýurdundaky Kebar kanalynyň ýakasynda Buzynyň ogly Ezekiýel ruhana Rebbiň sözi aýan boldy. Ol ýerde Rebbiň eli onuň üstündedi.


Petuwalyň ogly Ýowele Rebbiň şu sözi aýan boldy:


Tekowaly çopanlaryň biri bolan Amosyň sözleri. Ysraýyl hakyndaky bu sözler Amosa ýertitremeden iki ýyl öň görnüş arkaly aýan bolupdy. Şol günlerde Ýahudada Uzyýa patyşa, Ysraýylda Ýehowaşyň ogly Ýarobgam patyşa höküm sürýärdi.


Emitaý ogly Ýunusa Rebbiň şu sözi aýan boldy:


Ýahuda patyşalary Ýotamyň, Ahazyň we Hizkiýanyň döwründe moreşetli Mika pygambere Samariýa we Iýerusalim barada Rebbiň sözi aýan boldy.


Darýuşyň patyşalygynyň ikinji ýylynyň sekizinji aýynda Ydonyň agtygy, Berekýanyň ogly Zakarýa pygamberiň üsti bilen Rebbiň şu sözi aýan boldy:


Mukaddes Ýazgylary üýtgedip bolmaýandygyny bileňzokmy näme?! Hudaýyň Sözi gelen adamlar „hudaýlar“ diýlip atlandyrylan bolsa,


Hudaý Hoşeýa pygamber arkaly şeýle diýýär: «Meniň halkym bolmadyga „Halkym“ diýerin, söýgüli bolmadyga „Söýgülim“ diýerin.


Sebäbi hiç bir pygamber ynsan islegi bilen welilik etmedi. Bu pygamberler Mukaddes Ruh tarapyndan ugrukdyrylyp, Hudaýdan gelen sözleri aýtdylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan