Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Галатялылар 6:2 - Mukaddes Kitap

2 Biri-biriňize hemaýatkär boluň. Şeýle etseňiz, Mesihiň kanunyny berjaý etdigiňiz bolar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Бири-бириңизе хемаяткәр болуң. Шейле этсеңиз, Месихиң кануныны берҗай этдигиңиз болар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Галатялылар 6:2
25 Iomraidhean Croise  

Ýowap: «Bardy-geldi siriýalylar menden güýçli çykaýsalar, sen maňa kömege ýetişersiň; bardy-geldi ammonlylar senden güýçli bolup çykaýsalar, onda men saňa kömege ýetişerin.


Eger seni ýigrenýän biriniň eşeginiň ýük astynda ýatanyny görseň, ony taşlap gitme. Oňa bu ýükden azat bolmaga kömek et.


Meniň saýlaýan agyz beklemäm adalatsyzlyk zynjyrlaryny gyrmak, boýuntyryk ýüplerini çözmek, ezilenleri azat etmek, her bir boýuntyrygy syndyrmak üçin dälmi?


Şunlukda, Işaýa pygamberiň üsti bilen aýdylan şu sözler berjaý boldy: «Ol biziň hassalygymyzy Öz üstüne aldy, biziň dertlerimizi çekdi».


Isa hem şeýle diýdi: «Siziň hem waý halyňyza, eý, Töwrat mugallymlary! Agyr ýükleri adamlara ýükleýärsiňiz, özüňiz bolsa ol ýüklere barmagyňyzy hem degirmeýärsiňiz.


Size bir täze tabşyryk berýärin: biri-biriňizi söýüň. Meniň sizi söýşüm ýaly, siz-de biri-biriňizi söýüň.


Meniň buýrugym şudur: Men sizi nähili söýen bolsam, siz hem biri-biriňizi şonuň ýaly söýüň.


Biz, imany güýçlüler, diňe öz göwnümizden turjak bolmaly däl-de, gaýtam, imany gowşaklaryň ejizliklerine geçirimli bolmalydyrys.


Sebäbi ýaşaýyş berýän Mukaddes Ruh meni Isa Mesih arkaly günäniň we ölümiň ygtyýaryndan azat etdi.


Men Hudaýyň Kanunyny bilmeýänleri gazanjak bolup, ony bilmediksirän boldum. Hakykatda welin, Hudaýyň Kanunyna görä ýaşap, Mesihiň buýruklaryna tabyndyryn.


Ýöne meniň ýeke özüm ähli dawalaryňyzyň agyr ýüküni gerdenimden nädip aýrarkam?


Eý, doganlar, size ýalbarýarys: bikär gezýänleri ýazgaryň, göwnüçökgünlere göwünlik beriň, ejizleri goldaň, hemmeler babatda sabyr-takatly boluň.


Emma kim azatlyk berýän kämil kanuna üns berip, eşidenlerini ýatdan çykarman, gaýtam, ony berk berjaý edýän bolsa, Hudaý ony her bir edýän işinde ýalkar.


Şonuň üçin hem, her bir gepiňiz we hereketiňiz azatlyk berýän kanun boýunça höküm ediljek adamlaryňky ýaly bolsun.


Eger siz Mukaddes Ýazgylardaky: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýen iň möhüm buýrugy ýerine ýetirýän bolsaňyz, dogry iş edýänsiňiz.


Biziň günä garşy ölüp, dogruçyllyk ugrunda ýaşamagymyz üçin, Ol haçda günälerimizi Öz üstüne ýükledi. Siz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyňyz.


Dogrulyk ýoluny bilenden soň, özlerine tabşyrylan mukaddes buýrugy inkär edeninden bu ýoly asla bilmezlik olar üçin has gowy bolardy.


Mukaddes pygamberleriň gadymyýetde aýdan habaryny we Rebbimiz Halasgäriň resullaryňyz arkaly size beren buýrugyny ýadyňyza salmakçy.


Hudaý bize: «Hudaýy söýýän adam öz doganyny-da söýsün» diýip buýruk berdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan