Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Галатялылар 6:16 - Mukaddes Kitap

16 Hudaýyň Ysraýyl halkyna, ýagny şu düzgüni berjaý edýänleriň baryna parahatlyk bilen merhemet ýar bolsun!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

16 Худайың Ысрайыл халкына, ягны шу дүзгүни берҗай эдйәнлериң барына парахатлык билен мерхемет яр болсун!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Галатялылар 6:16
25 Iomraidhean Croise  

Soňra Hudaýyň Ruhy otuz ýigidiň baştutany Omasaýyň üstüne inip, ol şeýle diýdi: «Biz seniňki, eý Dawut! Biz seň bilen, eý Ýyşaýyň ogly! Başyň aman bolsun, başyň aman bolsun! Saňa ýardam edýäniň hem başy aman bolsun! Hudaýyň saňa ýardam edýändyr!». Onsoň Dawut olary kabul edip, öz goşunbaşylary edip belledi.


Eý, Hudaý, näme üçin bizi hemişelik taşladyň? Näme üçin öriňdäki goýunlara lowlaýar Seniň gazabyň?


Ysraýylyň bütin nesli Rebde aklanar, şöhratlanar.


Ysraýyl ogullary deňiz kenaryndaky çäge ýaly san-sajaksyz we möçbersiz köp bolar. Olara: „Siz Meniň halkym dälsiňiz“ diýlen ýerde, „siz diri Hudaýyň ogullarysyňyz“ diýler.


Isa Özüne tarap gelýän Natanaýeli görüp, ol hakda: «Ine, kalby hilesiz, hakyky Ysraýyl ogly» diýdi.


Men size rahatlyk goýup barýaryn, Öz rahatlygymy size berýärin. Men muny dünýäniň berşi ýaly bermeýärin. Ýüregiňiz gussa batmasyn, gorkmaň.


Bu zatlary size Mende rahatlygyňyz bolsun diýip aýtdym. Bu dünýäde gaýgy-gussaňyz bolar, ýöne mert boluň. Men dünýäni ýeňdim!» diýdi.


Men şu hatymy size, Rimdäki doganlaryma ýazýaryn. Hudaý siziň hemmäňizi söýüp, sizi Özüniň halky bolmaga çagyrdy. Goý, Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy size ýar bolsun!


Şeýle-de, atamyz Ybraýym sünnetlileriň hem atasydyr. Ýöne şeýle sünnetlileriň imany Ybraýymyň sünnetlenmeden ozal iman edişi ýaly bolmalydyr.


Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti, parahatlygy, goý, size ýar bolsun.


Eger siz Mesihe degişli bolsaňyz, onda Ybraýymyň neslisiňiz we berlen wada görä mirasdüşersiňiz.


Size şuny aýdasym gelýär: Mukaddes Ruhuň ýörelgesinden ýöräň. Şonda siz ynsan höweslerine eýermersiňiz.


Mukaddes Ruh bize täze ýaşaýyş berýär. Şoňa görä-de, geliň Oňa eýereliň.


Atamyz Hudaýdan, Rebbimiz Isa Mesihden doganlarymyza parahatlyk, iman we söýgi dileýärin.


Biz saýlan ýolumyz bilen öňe tarap gitmeli.


Biz Mukaddes Ruh arkaly Hudaýa ybadat edip, Isa Mesih bilen magtanýarys, ynsan güýjüne daýanmaýarys. Şoňa görä-de, hakyky sünnetliler bizdiris!


Şonda Hudaýyň parahatlygy ýürekleriňizi we pikirleriňizi Isa Mesih arkaly gorar. Bu parahatlyk ynsan düşünerden juda belentdir.


Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa öwgüler bolsun! Ol Öz beýik merhemetine görä, Isa Mesihiň ölümden direlmegi arkaly bizi täze durmuşa we ýaşaýyş umydyna gowşurdy.


Goý, Hudaýyň çäksiz merhemeti, parahatlygy we söýgüsi size ýar bolsun!


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan