Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Галатялылар 6:15 - Mukaddes Kitap

15 Çünki ne sünnetliligiň, ne-de sünnetsizligiň ähmiýeti bardyr. Diňe täze ýaradylyş ähmiýetlidir.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

15 Чүнки не сүннетлилигиң, не-де сүннетсизлигиң әхмиети бардыр. Диңе тәзе ярадылыш әхмиетлидир.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Галатялылар 6:15
14 Iomraidhean Croise  

Şeýle hem bir sünnetsiz adam Kanunyň parzlaryny berjaý edýän bolsa, onuň sünnetsizligi sünnet hasaplanmazmy näme?


Çünki daşky görnüşi boýunça ýahudy görünýän her kes ýahudy däldir, tendäki her sünnet-de hakyky sünnet däldir.


Hawa, biz suwa çümdüriliş arkaly Mesih bilen ölüp, jaýlandyk. Şoňa görä-de, Atanyň şöhratly gudraty arkaly Mesihiň ölümden direlişi ýaly, biz hem täze ýaşaýşa eýe bolup bileris.


Şeýlelikde, Isa Mesihe degişli bolanlar indi asla höküm edilmez.


Sünnetlilik-de, sünnetsizlik-de hiçdir. Iň esasy zat Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý etmekdir.


Şoňa görä-de, kim Isa Mesihe degişli bolsa, ol täze ýaradylyşdyr. Könesi geçip gitdi, indi täzesi geldi!


Çünki Isa Mesihe degişli bolanlaryň arasynda ne sünnetliligiň, ne-de sünnetsizligiň ähmiýeti bardyr. Diňe söýgä daýanýan iman ähmiýetlidir.


Sebäbi Hudaý bizi Isa Mesih arkaly ýaratdy. Ol bizi owaldan taýýarlap goýan ýagşy işlerini etmegimiz üçin ýaratdy.


Ol Töwradyň kanunlaryny we däp-dessurlaryny ýatyrdy-da, iki halky birleşdirip, täze bir halk ýaratdy we parahatçylygy berkarar etdi.


Hakyky dogrulyk we mukaddeslik bilen Hudaýyň keşbinde ýaradylan täze ýaradylyşa besleniň.


Biz Mukaddes Ruh arkaly Hudaýa ybadat edip, Isa Mesih bilen magtanýarys, ynsan güýjüne daýanmaýarys. Şoňa görä-de, hakyky sünnetliler bizdiris!


Müsürden çykan şol erkekleriň hemmesi sünnetlenendi, emma soňra çölde doglan oglanlar sünnetlenmedikdiler.


Tagtda Oturan: «Ine, ähli zady täzeleýärin» diýdi. Soňra maňa: «Bulary ýaz, sebäbi bu sözler ygtybarly we çyndyr» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan