Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Галатялылар 5:7 - Mukaddes Kitap

7 Siz şeýle oňat gadam urýardyňyz ahyryn. Sizi hakykata ynandyrmajak bolup, kim siziň gadamyňyza badak saldy?

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Сиз шейле оңат гадам урярдыңыз ахырын. Сизи хакыката ынандырмаҗак болуп, ким сизиң гадамыңыза бадак салды?

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Галатялылар 5:7
17 Iomraidhean Croise  

Emma beýle adamda kök ýokdur, çydamsyzdyr. Bu söz üçin muşakgat ýa-da yzarlama bolanda, ol dessine imandan ýüz dönderer.


Şeýlelikde, Hudaýyň Hoş Habary has-da ýaýrap, Iýerusalimde şägirtleriň sany barha köpelýärdi. Köp sanly ruhanylar-da iman etdiler.


Ýöne bu habary hemmeler kabul etmedi. Işaýa hem bu barada: «Ýa Reb, biziň habarymyza kim ynandy?» diýip soraýar.


Hawa, muny batyrgaýlyk bilen diýýärin, sebäbi başga milletleriň Hudaýa tabyn bolmagy üçin, Isa Mesihiň özüm arkaly eden işleri barada aýdýandyryn. Ol muny sözde we işde,


Hawa, bu Hoş Habar aýan boldy. Ol ähli milletleriň baky Hudaýyň emrine görä Oňa tabyn bolmagy üçin pygamberleriň ýazgylary arkaly aýan edildi.


Şahsy bähbidini araýanlar, hakykaty ret edip, ýamanlyga eýerýänler bolsa gahar-gazaba duçar bolarlar.


Hawa, siz günäniň guludyňyz, ýöne Hudaýa şükür, kabul eden taglymatyňyza ýürekden tabyn bolduňyz,


Ýaryşa gatnaşýan ýüwrükleriň hemmesi ylgasa-da, baýragy diňe biri alýandyr. Siz-de baýrak alar ýaly şeýle ylgaň.


Bu ýaraglar bilen Hudaý baradaky bilime garşy çykýan her belentligi ýumurýarys, her pikiri ýesirlige alyp, ony Isa Mesihe tabyn edýäris.


Meni ol ýere Rebbiň ylhamy alyp bardy. Iýerusalimdäki ýygnaklaryň ýolbaşçylary bilen aýratyn duşuşyp, olara keseki milletlere wagyz edýän Hoş Habarymy beýan etdim. Men muny öňki-soňky edenlerimiň bary puja çykaýmasyn diýip etdim.


Eý, akmak galatýalylar! Siziň gözüňizi kim baglady? Men size Hoş Habary wagyz edenimde, haça çüýlenen Isa Mesihi hut öz gözüňiz bilen görýän ýalydyňyz ahyryn!


Siziň başgaça pikir etmejekdigiňiz babatda Reb meni ynandyrýar. Siziň pikiriňizi bulaşdyrýan kim bolsa bolubersin, ol öz jezasyny çeker.


Mülk edip beren ýurduna ibermek üçin Hudaý Ybraýymy çagyranda, ol iman arkaly Oňa tabyn boldy, nirä barýandygyny bilmezden ýola düşdi.


Bizi şeýle köp şaýatlaryň gurşaýandygy üçin, päsgelçilik döredýän her hili ýüki we boýnumyzdan ýapyşan günäleri taşlalyň-da, öňümizde duran ýaryşda sabyrlylyk bilen ylgalyň.


Şeýlelikde, Hudaý arkaly Isa Mesih kämil bolup, Ol Özüne tabyn bolýanlaryň hemmesini ebedilik halas etmegi başarýar.


Indi siz hakykata gulak asmak bilen özüňizi päklediňiz, çyn doganlyk söýgüsine eýe bolduňyz. Şonuň üçin biri-biriňizi çyn ýürekden söýüň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan