Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Галатялылар 5:4 - Mukaddes Kitap

4 Eý, özüni Mukaddes Kanun arkaly aklamakçy bolýanlar! Siz Mesihden aýryldyňyz, Hudaýyň merhemetinden mahrum bolduňyz.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Эй, өзүни Мукаддес Канун аркалы акламакчы болянлар! Сиз Месихден айрылдыңыз, Худайың мерхеметинден махрум болдуңыз.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Галатялылар 5:4
15 Iomraidhean Croise  

Merhemete görä saýlanan bolsalar, onda ynsan işlerine görä saýlanan däldir. Ýogsa merhemet merhemet bolmazdy.


Şeýlelikde, Musanyň Kanunynyň parzlaryny berjaý etmek arkaly Hudaýyň huzurynda hiç kim aklanyp bilmez. Tersine, bu Kanun arkaly adam özüniň günälidigine göz ýetirýär.


Men Hudaýyň merhemetini inkär etmeýärin. Çünki Mukaddes Kanuny berjaý etmek arkaly aklanyp bolýan bolsady, onda Mesihiň ölümi biderek bolardy».


Gulak goýuň! Ine, men, Pawlus, size şuny diýýärin: eger siz özüňizi sünnetletmäge ýol berseňiz, onda Mesihiň edenleri siziň üçin kör köpükdir.


Hüşgär boluň, hiç kim Hudaýyň merhemetinden mahrum bolmasyn. Bir ajy kök gögerip, size ezýet bermesin, köp adamlar munuň bilen zäherlenmesin.


Hudaýyň dynçlyk mekanyna girmek hakyndaky wadasy henizem güýjüni saklaýandyr. Şonuň üçin-de, hüşgär boluň, araňyzdan hiç kim dynçlyk mekanyna girmekden mahrum bolmasyn.


Şonuň üçin, haýsy belentlikden ýykylanyňy ýadyňa sal! Toba et-de, ilkibaşda eden işleriňi amal et! Eger toba gelmeseň, ýanyňa baryp, çyradanyňy ýerinden aýraryn.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan