Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Галатялылар 5:3 - Mukaddes Kitap

3 Özüni sünnetletmäge ýol beren her bir adama men ýene-de bir gezek şuny mälim edýärin: ol tutuş Mukaddes Kanuny berjaý etmäge borçludyr.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Өзүни сүннетлетмәге ёл берен хер бир адама мен ене-де бир гезек шуны мәлим эдйәрин: ол тутуш Мукаддес Кануны берҗай этмәге борчлудыр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Галатялылар 5:3
19 Iomraidhean Croise  

Patyşalarymyz, baştutanlarymyz, ruhanylarymyz we ata-babalarymyz Seniň kanunyňy tutmadylar. Seniň beren tabşyryklaryňa, duýduryşlaryňa gulak asmadylar.


Waý halyňyza, eý, kör ýolbaşçylar! Siz: „Kim ybadathanadan ant içse, bu hiç zat saýylar, emma kim ybadathananyň altynyndan ant içse, ol öz antyny berjaý etmäge borçludyr“ diýýärsiňiz


Şeýle-de, siz: „Kim gurbanlyk sypasyndan ant içse, bu hiç zat saýylar, emma kim onuň üstündäki sadakadan ant içse, öz antyny berjaý etmäge borçly bolar“ diýýärsiňiz.


Sebäbi meniň bäş doganym bar. Bu gynalýan ýere düşmezleri ýaly, Lazar baryp şeýle ýeriň bardygyny olara duýdursyn“ diýýär.


Ýahudyýadan birnäçe adam Antiýoha gelip, doganlara: «Musanyň adaty boýunça sünnetlenmeseňiz, halas bolup bilmersiňiz» diýip öwredýärdiler.


Petrus başga-da köp deliller bilen olara şaýatlyk edip: «Özüňizi bu azgyn nesilden halas ediň!» diýip ýalbardy.


Men ýahudylaryň-da, grekleriň-de toba edip, Hudaýa dolanmaga we Rebbimiz Isa Mesihe iman etmäge çagyrdym.


Hawa, sen ýahudy sünnet edilensiň, ýöne sünnet diňe Kanunyň berjaý edilen ýagdaýynda ähmiýetlidir. Emma Kanuny bozýan bolsaň, onda seniň sünnetiň sünnetsizlik bilen des-deňdir.


Emma Mukaddes Kanuny doly berjaý etmelidir öýdüp, oňa daýanýanlar nälet astyndadyr. Çünki: «Bu Kanun kitabyny doly ýerine ýetirmedik adama, goý, nälet bolsun!» diýip ýazylgydyr.


Gulak goýuň! Ine, men, Pawlus, size şuny diýýärin: eger siz özüňizi sünnetletmäge ýol berseňiz, onda Mesihiň edenleri siziň üçin kör köpükdir.


Çünki Isa Mesihe degişli bolanlaryň arasynda ne sünnetliligiň, ne-de sünnetsizligiň ähmiýeti bardyr. Diňe söýgä daýanýan iman ähmiýetlidir.


Şonuň üçin Rebbiň adyndan size şuny buýurýaryn: mundan beýläk keseki milletler ýaly boş düşünjeler bilen ýaşamaň.


„Bu kanunlaryň sözlerini oňlamaýana, olary ýerine ýetirmeýäne nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.


Başlaryna ençeme agyr külpetler inende, olaryň nesilleri bu aýdymy dillerinden düşürmezler, şonda bu aýdym olara şaýatlyk eder. Çünki Men wada beren ýurduma olary getirmezden öň hem, hatda häzir hem olaryň nähili pikirdediklerini öňünden bilýärin».


Eger siz Hudaýyňyz Rebbi ýadyňyzdan çykaryp, başga hudaýlaryň yzyna düşüp, olara sygynyp gulluk etseňiz, onda bu gün men size açyk duýdurýaryn: siz hökman heläk bolarsyňyz.


şu tärde doganyňyza ahlaksyzlyk etmäň, ony aldamaň. Ozal size aýdyp, berk duýduryşymyz ýaly, şeýle günäleriň ählisi üçin Reb ynsanlary jezalandyrar.


Biz Atanyň Öz Ogluny dünýäniň Halasgäri edip iberendigini gördük we muňa şaýatlyk edýäris.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan