Eger Isa Mesih kalbyňyzda mesgen tutan bolsa, onda günä zerarly ölmeli bolsaňyz-da, Mukaddes Ruh size ýaşaýyş berer, sebäbi siz Hudaýyň huzurynda aklanansyňyz.
Ol bize täze ähtiň hyzmatçylary bolmak ukybyny berdi. Bu äht ýazylan Kanun arkaly däl-de, Mukaddes Ruh arkaly berkidilendir. Çünki ýazylan Kanun ölüme höküm edýär, Mukaddes Ruh bolsa ýaşaýyş berýär.
Şonuň üçin hem Hoş Habar hatda ölülere-de wagyz edildi. Olar hem ähli ynsanlar ýaly durmuşynda eden işleri üçin höküm edilen bolsalar-da, Hudaýyň Ruhy arkaly ýaşap bilerler.