Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Галатялылар 5:21 - Mukaddes Kitap

21 we bahyllyk; serhoşlyk, azgynlyk meýlisleri we şuňa meňzeş zatlardyr. Men size öň duýduryşym ýaly, ýene-de bir gezek duýdurýaryn: kimde-kim şular ýaly ýaşaýan bolsa, Hudaýyň Şalygyny miras almaz.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

21 ве бахыллык; серхошлык, азгынлык мейлислери ве шуңа меңзеш затлардыр. Мен сизе өң дуйдурышым ялы, ене-де бир гезек дуйдурярын: кимде-ким шулар ялы яшаян болса, Худайың Шалыгыны мирас алмаз.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Галатялылар 5:21
19 Iomraidhean Croise  

Pisleriň dat gününe! Betbagtçylyk iner olaryň başyna, elleri bilen edenlerini eginleri bilen çekerler.


Onsoň Patyşa sagyndakylara şeýle diýer: „Eý, Atamyň ýalkanlary! Geliň-de, dünýä ýaradylandan bäri siziň üçin taýýarlanan patyşalygy miras alyň.


Ägä boluň! Aýşy-eşret, serhoşlyk, ýaşaýşyň gaýgylary ýüregiňize ornamasyn. Ýogsam, ol gün duzak kimin duýdansyz üstüňizden iner.


Keýpi-sapalyk, serhoşlyk, zynahorlyk, azgynlyk, göriplik, dawa-jenjel etmän, gündize ýaraşýan tärde edepli ýaşalyň.


Eger siz ynsan höwesleriniň talaplaryna görä ýaşasaňyz, ölersiňiz. Emma ynsan höwesleriniň ýaman işlerini Mukaddes Ruhuň güýji arkaly ýok etseňiz, ýaşarsyňyz.


Şoňa görä-de, eý, doganlar, men size aýtmakçy: et bilen gandan bolan ýerdäki ynsan Hudaýyň Şalygyny miras alyp bilýän däldir. Çüýreýän beden çüýremeýän bedene şärik bolup bilýän däldir.


Men size dogansyrap, heniz-de azgyn ýa-da betnebis, butparaz ýa-da paýyş sögünýän, arakhor ýa-da kezzap bolanlar bilen gatnaşmaň diýip ýazýaryn. Şeýle adamlar bilen hatda bir saçak başynda-da oturmaň.


Şerapdan serhoş bolmaň, bu sizi wejeralyga elter. Tersine, Mukaddes Ruhdan dolup-daşyň.


Olar galanyň ýaşulularyna: „Biziň bu oglumyz dikdüşdi we gyňyr. Ol bize boýun egenok. Ol açgöz hem içegen“ diýsinler.


Ine, hut şu zatlar üçin Hudaýyň gahar-gazaby inýändir.


Çünki uklaýanlar gije uklaýandyrlar, serhoş bolýanlar-da gije serhoş bolýandyrlar.


Men heniz ýanyňyzdakam bulary aýdanym, elbetde, ýadyňyzdadyr.


Goý, hemmeler nika hormat goýsun, är-aýal düşegi günä bilen hapalanmasyn. Hudaý ahlaksyzlary we zynahorlary höküm eder.


Geçmişde butparazlyga uýup ýaşanyňyz ýeterlikdir. Şol döwürleri siz ahlaksyzlykda, haram keýp çekmekde, serhoşlykda, içgili keýpi-sapada we ýigrenji butparazlykda geçirdiňiz.


Bu şähere hiç bir murdar zat, nejislik edýänleriň, ýalan sözleýänleriň hiç biri girmez. Oňa diňe Guzynyň ýaşaýyş kitabyna atlary ýazylanlar girerler.


Emma «itler», ýagny jadygöýler, zynahorlar, ganhorlar, butparazlar, ýalany söýüp, ony amal edýänler – bularyň bary şäheriň daşynda galar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan