Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Галатялылар 5:12 - Mukaddes Kitap

12 Sizi bulaşdyrýan adamlar, goý, öz-özlerini düýbünden agta edäýsin!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

12 Сизи булашдырян адамлар, гой, өз-өзлерини дүйбүнден агта эдәйсин!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Галатялылар 5:12
18 Iomraidhean Croise  

Ujydynyň pürçügini kesdirip, sünnetlenmedik erkek ähti bozan adam hökmünde öz halkynyň arasyndan çykarylsyn».


Laban: «Bolýar, goý, seniň diýşiň ýaly bolsun» diýdi.


Ýedi günläp siz petir iýmelisiňiz. Şu ýedi günüň ilkinji gününde, siz öýleriňizden hamyrmaýalary çykaryp taşlaň. Kimde-kim birinji günden tä ýedinji güne çenli aralykda hamyrmaýa goşulan zatdan iýse, onda ol ysraýyllaryň arasyndan kowlup çykarylsyn.


Ruhanydan başga kimde-kim şonuň ýaly atyr ýasasa we biriniň üstüne guýsa, öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylar».


Olara şeýle diý: „Eger siziň geljekki nesilleriňizden, tohum-tijiňizden biri, ysraýyl halkynyň Maňa bagyş eden mukaddes sadakalaryna haramlykda ýakynlaşsa, ol Meniň huzurymdan ýok edilsin. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Oňa: «Sen bütinleý günä içinde doglup, indi bize akyl satýarmyň?» diýdiler. Şeýlelikde, ony sinagogadan kowup çykardylar.


Biziň eşidişimize görä, aramyzdan käbirleri baryp, öz sözleri bilen sizi howsala salyp, aňyňyzy bulaşdyrypdyrlar. Emma olary biz ibermedik.


Hanany bu sözleri eşiden badyna, ýere ýykylyp jan berdi. Bu wakany eşidenleriň baryny elhenç gorky gurşap aldy.


Petrus oňa: «Näme üçin siz Rebbiň Ruhuny synaga salmak üçin dilleşdiňiz? Anha, seret, seniň adamyňy jaýlanlar gapa golaýlap gelýärler, olar seni hem äkiderler» diýdi.


Sünnetlenme meselesi käbir dogansumaklar zerarly ýüze çykypdy. Olar bizi gul etmek üçin, aramyza ogrynça sümlüp, Isa Mesih arkaly alan azatlygymyzy gizlinlikde aňtadylar.


Siziň başgaça pikir etmejekdigiňiz babatda Reb meni ynandyrýar. Siziň pikiriňizi bulaşdyrýan kim bolsa bolubersin, ol öz jezasyny çeker.


Erkeklik tohumlygy ýenjilen ýa-da kesilen adam Rebbiň jemagatyna girmeýär.


Agzalalyk döredýän adama birki gezek öwüt-nesihat ber. Emma şonda-da pälinden gaýtmasa, ondan gaça dur.


Şonuň üçin hem ysraýyllar duşmanyň öňünde durup bilmediler. Olar uruşda ýeňse berip gaçdylar. Çünki olaryň özleri hem ýok edilip, ölüme sezewar edilmelidirler. Eger siz öz araňyzdaky şol ogurlanan zatlary aýryp ýok etmeseňiz, Men mundan beýläk siziň bilen bile boljak däl.


Ýeşuwa Akana: «Biziň başymyza nähili bela getiren bolsaň, indi Reb şol bela-beteri seniň öz başyňdan inderer» diýdi. Soňra ähli ysraýyllar ony maşgalasy bilen bile daşlap öldürdiler we olary oda ýakdylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan