Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Галатялылар 5:11 - Mukaddes Kitap

11 Eý, doganlarym! Eger men heniz-de sünnetlenilmäni wagyz edýän bolsam, onda men näme üçin yzarlanýarkam?! Eger dogrudan-da şeýle bolýan bolsa, onda Isanyň haçy babatdaky wagzym büdreme daşy bolmazdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Эй, доганларым! Эгер мен хениз-де сүннетленилмәни вагыз эдйән болсам, онда мен нәме үчин ызарланяркам?! Эгер догрудан-да шейле болян болса, онда Исаның хачы бабатдакы вагзым бүдреме дашы болмазды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Галатялылар 5:11
17 Iomraidhean Croise  

Ol mukaddes öý bolar, emma Ol Ysraýylyň iki patyşalygyna büdreme daşy, ýykýan gaýa, Iýerusalimiň ilatyna duzak we tor bolar.


Pawlus Timoteosy özi bilen äkitmek isleýärdi. Şonuň üçin ony sünnet etdirdi, sebäbi ol ýerde ýaşaýan ýahudylaryň hemmesi Timoteosyň kakasynyň grekdigini bilýärdi.


Olaryň eşidişine görä, sen keseki milletleriň arasynda ýaşaýan ýahudylaryň hemmesine Musanyň kanunyndan dönmekligi, çagalaryny sünnetlemezligi, däp-dessurlara uýmazlygy öwredýärmişiň.


Olar: «Eý, ysraýyl halky! Kömek ediň! Bu adam ähli ýerde biziň halkymyza, Musanyň bize beren kanunyna, ybadathanamyza garşy hemmelere ters sapak berýär. Munuň üstesine-de, grekleri ybadathana getirip, bu mukaddes ýeri harama çykardy» diýip gygyrdylar.


Heläkçilik ýolundan barýan adamlar üçin haç baradaky habar akmaklykdyr. Emma biz, ýagny gutulyş ýolundan barýanlar üçin bu habar Hudaýyň gudratydyr.


Biz bolsa haça çüýlenen Isa Mesihi wagyz edýäris. Mesih ýahudylar üçin büdreme daşydyr, ýahudy däller üçin bolsa akmaklykdyr.


Biz hem näme üçin özümizi sagatsaýyn howp astyna salýarkak?


Olar bolsa ýanymdaky Titusy, hatda onuň grekdigine-de garamazdan, ony sünnetlenmäge mejbur etmediler.


Eý, akmak galatýalylar! Siziň gözüňizi kim baglady? Men size Hoş Habary wagyz edenimde, haça çüýlenen Isa Mesihi hut öz gözüňiz bilen görýän ýalydyňyz ahyryn!


Ten boýunça doglan ogul Hudaýyň Ruhunyň güýji arkaly doglan ogly yzarlap, oňa azar beripdi. Häzir hem şeýledir.


Tende oňat görnesi gelýänler sizi sünnetlenmäge mejbur edýärler. Olar Mesihiň haçy sebäpli yzarlanmakdan gorkup şeýle edýärler.


Mundan beýläk hiç kim maňa şu zatlar babatda azar bermesin! Sebäbi meniň bedenimde Isa Mesihe degişlidigimi görkezýän ýara yzlary bardyr.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan