Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Галатялылар 4:18 - Mukaddes Kitap

18 Ýagşylyk üçin diňe men ýanyňyzdakam däl, eýsem hemişe yhlasly bolmak ýagşydyr.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

18 Ягшылык үчин диңе мен яныңыздакам дәл, эйсем хемише ыхласлы болмак ягшыдыр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Галатялылар 4:18
13 Iomraidhean Croise  

Ol dogrulygy sowut kimin geýindi, gutulyş tuwulgasyny başyna geýdi; öç alyş lybasyna bürendi, gazap donuny geýdi.


Şonda Onuň şägirtleri Mukaddes Ýazgylardaky «Seniň öýüňe bolan yhlas meni köýdürer» diýlen sözleri ýatladylar.


Şoňa görä-de, eý, eziz doganlarym, berk duruň. Goý, sizi asla hiç zat sarsdyrmasyn. Rebbiň işine yhlasly ýapyşyň. Çünki Reb ugrunda çeken zähmetiňiziň biderek däldigini özüňiz-de bilýänsiňiz.


Men size ilkibaşda Hoş Habary syrkawkam wagyz edendigim ýadyňyzdadyr.


Käbir dogansumaklar betpällerine eýerip, sizi bizden aýryp, öz taraplaryna çekmäge jan edýärler. Olar diňe özleri babatda yhlasly bolmagyňyzy isleýärler.


Wah, edil şu wagt siziň ýanyňyzda bolup, äheňimi üýtgetsedim! Sebäbi men sizi şeýle alada edýärin!


Eý, doganlar, durmuş ýörelgäňiz Isa Mesihiň Hoş Habaryna laýyk bolsun. Şonda ýanyňyza baryp sizi görsem-de, ýanyňyzda bolman, siz barada eşitsem-de, Hoş Habara daýanýan iman ugrunda bir adam ýaly göreşip, ýeke-täk bir Ruhda berk durandygyňyzy bilerin.


Eý, ezizlerim, men ýanyňyzdakam, siz Hudaýyň sözüne gulak asýardyňyz. Emma meniň ýoklugymda gulak asmagyňyz has-da möhümdir. Hudaýyň huzurynda gorka we galpylda gaplanyp, halas bolmak üçin ýagşy işleri amal ediň.


Isa Mesih bizi ähli günälerden halas etmek üçin, Özüni gurban etdi. Ol muny Özüne ýagşylyk etmekde erjel, päk, eziz bir halky gazanmak üçin etdi.


Men Öz söýýänlerime käýäp, olary terbiýeleýändirin. Şonuň üçin-de, yhlasly bol, toba et!


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan