Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Галатялылар 4:17 - Mukaddes Kitap

17 Käbir dogansumaklar betpällerine eýerip, sizi bizden aýryp, öz taraplaryna çekmäge jan edýärler. Olar diňe özleri babatda yhlasly bolmagyňyzy isleýärler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

17 Кәбир догансумаклар бетпәллерине эерип, сизи бизден айрып, өз тарапларына чекмәге җан эдйәрлер. Олар диңе өзлери бабатда ыхласлы болмагыңызы ислейәрлер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Галатялылар 4:17
14 Iomraidhean Croise  

Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz ýekeje adamy öz diniňize saljak bolup, deňizlere, düzlere aýlanýarsyňyz. Diniňize salanyňyzdan soň bolsa, ony özüňizden hem iki esse köp dowzahyň jezasyna sezewar edýärsiňiz.


Çünki Hudaýyň buýruklaryny berjaý etmekde olaryň diýseň yhlaslydygyna özüm diri şaýat. Emma şeýle yhlasly bolsalar-da, olaryň Hudaý hakda hakyky bilimi ýok.


Çünki olar Rebbimiz Isa Mesihe däl-de, öz gara garynlaryna hyzmat edýändirler. Olar süýji sözler we ýaranjaňlyk bilen gepläp, sada adamlary aldawa salýandyrlar.


Meni elmydama ýatlaýandygyňyz, taglymaty size tabşyryşym ýaly saklaýandygyňyz üçin sizi öwýärin.


Siziň käbirleriňiz men ýanyňyza barmaryn öýdüp, tekepbirlige ýüz urdular.


Siz eýýäm doýup, aşa düşüpsiňiz! Siz eýýäm baýapsyňyz! Bizsiz höküm sürdüňiz. Wah, käşgä dogrudan-da höküm sürsediňiz! Şonda biz-de siziň bilen bile höküm sürerdik.


Ýöne ýylanyň How enäni kezzaplyk bilen aldaýşy ýaly, siziň-de aldanmagyňyzdan gorkýaryn. Men pikirleriňiziň bulaşdyrylyp, Mesihe bolan päk sadyklygyňyzdan aýrylarmykaňyz diýip gorkýaryn.


Eýsem, men size hakykaty aýdýanlygym üçin, indi duşmanyňyza öwrüläýdimmi?


Ýagşylyk üçin diňe men ýanyňyzdakam däl, eýsem hemişe yhlasly bolmak ýagşydyr.


Sebäbi köp adamlar Isa Mesihiň däl-de, öz bähbidini araýar ahyryn.


Olar nädogry ýoldan ýaňy gaçyp gutulanlary boş we gopbamsy sözleri bilen haram keýpe hyjuwlandyryp, ynsan höwesleri bilen olary duzaga düşürýärler.


Açgözlükden ýaňa bu galp mugallymlar öz toslama hekaýatlary bilen siziň puluňyzy üterler. Şonuň üçin olaryň jezasy gadymdan taýýar durandyr, heläkçiligi bolsa gijikmez.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan