Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Галатялылар 4:15 - Mukaddes Kitap

15 Indi ol şatlygyňyza näme boldy? Meniň özüm diri şaýat ahyryn: siz eliňizden gelse, öz gözüňizi hem oýup, maňa berjekdiňiz-ä!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

15 Инди ол шатлыгыңыза нәме болды? Мениң өзүм дири шаят ахырын: сиз элиңизден гелсе, өз гөзүңизи хем оюп, маңа берҗекдиңиз-ә!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Галатялылар 4:15
17 Iomraidhean Croise  

Daşly ýere düşenler bolsa sözi eşidenlerinde, şatlyk bilen kabul edýän adamlardyr. Ýöne olarda kök ýokdur. Olar az wagtlaýyn iman edip, synag wagty imandan dänýärler.


Çünki Hudaýyň buýruklaryny berjaý etmekde olaryň diýseň yhlaslydygyna özüm diri şaýat. Emma şeýle yhlasly bolsalar-da, olaryň Hudaý hakda hakyky bilimi ýok.


Mukaddes Ruhuň güýji bilen umydyňyzyň artmagy üçin, umydyň gözbaşy bolan Hudaý imanyňyz arkaly, goý, sizi şatlykdan we parahatlykdan pürepür etsin.


Isa Mesih bize Hudaýyň merhemetiniň gapysyny açyp berdi. Biz iman arkaly bu merhemete ulaşyp, berk durus we Hudaýyň şöhratyna şärik boljakdygymyza umyt baglap begenýäris.


Hawa, men ganybir doganlarym bolan ysraýyl halkynyň Isa Mesihden aýra düşeninden, özümiň gargyşa galyp, olaryň hatyrasyna Mesihden aýra düşmäge-de kaýyldyryn. Hudaý olary ogullyga aldy, olara Öz şan-şöhratyny aýan edip, olar bilen äht baglaşdy. Ol Kanuny we ybadathanadaky hyzmaty olara ynandy, wadalaryny hem olara berdi.


Dogrudan-da, olar elinden gelen, hatda ondan hem artyk hemaýat kömegini sahylyk bilen meýletin berdiler.


Hawa, Isa Mesih bularyň baryny Ybraýyma berlen ýalkanyşyň Özi arkaly başga milletlere hem ýaýramagy üçin, iman arkaly wada berlen Mukaddes Ruhy alyp bilmegimiz üçin etdi.


Şonda ýarawsyzlygym sizi kyn ýagdaýa salsa-da, siz maňa äsgermezçilik etmändiňiz, meni ret etmändiňiz. Tersine, meni Hudaýyň perişdesi ýaly, Isa Mesihiň hut Özi ýaly kabul edipdiňiz.


Eýsem, men size hakykaty aýdýanlygym üçin, indi duşmanyňyza öwrüläýdimmi?


Eý, eziz balalarym! Siz tä Isa Mesihiň häsiýetlerine doly eýe bolýançaňyz, men ýene-de siziň üçin dogurma burgularyny çekýän ýaly bolýaryn.


Mukaddes Ruhuň miweleri bolsa şulardyr: söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyrlylyk, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk,


Her kim öz edýän hereketlerini derňesin. Her kes özüne düşen ýüki özi götersin. Şonda ol özüni başgalar bilen deňeşdirmezden, özüne guwanyp biler.


Onuň siziň üçin, şeýle-de Laodikiýadaky we Iýerapolisdäki imanlylar üçin arman-ýadaman zähmet çekýändigine men şaýatdyryn.


Şoňa görä-de, biz diňe Hudaýyň Hoş Habaryny däl, eýsem ýüregimiziň töründen orun bermäge-de taýyndyk, sebäbi siz biziň üçin şeýle eziz bolduňyz!


edýän işleri üçin olary söýüň, olara uly hormat goýuň; özara parahat ýaşaň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan