Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Галатялылар 4:14 - Mukaddes Kitap

14 Şonda ýarawsyzlygym sizi kyn ýagdaýa salsa-da, siz maňa äsgermezçilik etmändiňiz, meni ret etmändiňiz. Tersine, meni Hudaýyň perişdesi ýaly, Isa Mesihiň hut Özi ýaly kabul edipdiňiz.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

14 Шонда яравсызлыгым сизи кын ягдая салса-да, сиз маңа әсгермезчилик этмәндиңиз, мени рет этмәндиңиз. Терсине, мени Худайың перишдеси ялы, Иса Месихиң хут Өзи ялы кабул эдипдиңиз.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Галатялылар 4:14
23 Iomraidhean Croise  

şa hezretleriniň sözi meni köşeşdirer“ diýip pikir etdim. Sebäbi ol Hudaýyň perişdesi ýaly, ýagşyny-ýamany seljerýär. Goý, Hudaýyň Reb seniň bilen bolsun!»


Emma ol siz şa hezretleriniň ýanynda men guluňyza töhmet atdy. Emma şa hezretleri meniň üçin Hudaýyň perişdesi ýalydyr. Indi näme ederin diýseňiz, ine, men.


Dertsizler betbagtlaryň üstünden gülýärler, büdreýänleri itip goýberýärler.


Onsoň men diýdim: «Danalyk güýçden gowudyr», ýöne garyp adamyň paýhasy äsgerilmeýär, onuň sözleri eşidilmeýär.


Reb şol gün Iýerusalimiň halkyny gorar. Olaryň iň ejizi Dawut ýaly bolar. Dawudyň nesli Hudaý ýaly, öňe çykan Rebbiň perişdesi ýaly bolar.


Ruhanynyň sözleri bilimi goramalydyr. Ol Hökmürowan Rebbiň wekilidir, ynsanlar onuň agzyndan öwüt-ündew gözlemelidir.


Sizi kabul eden Meni kabul eder, Meni kabul eden hem Meni Ibereni kabul eder.


Kim şunuň ýaly bir çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir.


Patyşa olara: „Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň bu iň pes saýylýan doganlarymdan birine edeniňizi Maňa edensiňiz“ diýip jogap berdi.


Sizi diňlän Meni diňlär, sizi ret eden Meni ret eder. Meni ret eden bolsa Meni Ibereni ret eder».


Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň iberen adamymy kabul eden Meni kabul edýändir, Meni kabul eden bolsa, Meni Ibereni kabul edýändir».


Hudaý dünýäniň abraýly saýýanlaryny hiç etmek üçin, asylsyzlary we äsgerilmeýänleri, ýagny hiç saýylýanlary saýlady.


Biz Mesihe bolan imanymyzyň hatyrasyna akmakdyrys, siz bolsa Mesihiň saýasynda paýhaslysyňyz! Biz ejiz, siz bolsa güýçlüsiňiz! Siz at-abraýly, biz bolsa biabraýdyrys!


Şoňa görä-de, biz Isa Mesihiň ilçileridiris. Hudaý biz arkaly ýüzlenýär. Biz size Mesihiň hatyrasyna ýalbarýarys: Hudaý bilen ýaraşyň!


Siziň baryňyz Isa Mesihe degişli bolup, Oňa bolan imanyňyz arkaly Hudaýyň perzentlerisiňiz.


Indi ýahudy däl bilen ýahudynyň, gul bilen erkin adamyň, erkek bilen aýalyň arasynda hiç bir parh ýokdur. Isa Mesihe degişli bolanyňyz üçin, indi baryňyz birsiňiz.


Men size ilkibaşda Hoş Habary syrkawkam wagyz edendigim ýadyňyzdadyr.


Indi ol şatlygyňyza näme boldy? Meniň özüm diri şaýat ahyryn: siz eliňizden gelse, öz gözüňizi hem oýup, maňa berjekdiňiz-ä!


Siz Hudaýyň Hoş Habaryny bizden eşidip kabul edeniňizde, muny ynsan habary hökmünde däl, eýsem, hakykatdan-da, Hudaýyňky diýip kabul etdiňiz. Siz imanlylara täsir edýän-de bu Habardyr. Şoňa görä-de, biz siziň üçin Hudaýa dyngysyz şükürler edýäris.


Şoňa görä-de, bu tabşyryklary ret edýän adam ynsany däl, eýsem Öz Mukaddes Ruhuny berýän Hudaýy ret edýändir.


Myhmansöýer boluň. Çünki myhmansöýer adamlaryň käbiri perişdeleriň kimdigini bilmezden olary myhman aldylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan