Isa tutuş Jeliläni aýlanyp çykdy. Ol ýerdäki sinagogalarda sapak berip, Gögüň Şalygynyň Hoş Habaryny wagyz etdi, halkyň arasyndaky her hili keselleri, hassalary sagaltdy.
Isa Mesih ejizlikde haça çüýlenen bolsa-da, indi Hudaýyň gudraty arkaly ýaşaýandyr. Biz hem Mesihiň ejizligine şärik bolmak bilen, siziň ugruňyzda Hudaýyň gudraty arkaly Mesihiň ýaşaýşyna hem şärikdiris.
Şonda ýarawsyzlygym sizi kyn ýagdaýa salsa-da, siz maňa äsgermezçilik etmändiňiz, meni ret etmändiňiz. Tersine, meni Hudaýyň perişdesi ýaly, Isa Mesihiň hut Özi ýaly kabul edipdiňiz.